Sepleriň elýeterliligi

Ýemen ABŞ-a iberilen bomba günäkärlerini agtarýar


Ýemeniň howpsuzlyk häkimiýetleri Birleşen Ştatlara iberilen partlaýjyly gapyrjakda güman edilýän adamy tussag edip, soňra goýberdiler.

Uniwersitetde okaýan 22 ýaşly student aýal Hanan al-Samawi sorag edilip, soraga çagyrylanda gelmek şerti bilen goýberildi. Onuň 45 ýaşly ejesi hem ilki tussag edilip, soňra azat edildi.

Ýemen resmileri indi bu iş bilen baglanyşyklydyr öýdülýän we galp dokumentleri ulanan adamlary gözleýärler.

Ýemenden iberilen iki gapyrjak anna güni Britaniýada we Dubaýda saklandy. Bu işiň arkasynda al-Kaýda bardyr öýdüp güman edilýär.
XS
SM
MD
LG