Sepleriň elýeterliligi

Wýetnam bilen Orsýet atom elektrik stansiýasy barada şertnama baglaşdy


Orsýeti bilen Wýetnam 5,6 millard dollarlyk şertnama gol çekdi. Bu şertnama esasynda Orsýet Wýetnama ilkinji atom elektrik stansiýasyny gurup bermeli.

Bu şertnama Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Hanoýa sapary mahalynda gol çekildi.

Iki ýurduň baglaşan şertnamasy esasynda 2014-nji ýylda iki reaktorly atom elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlanmaly we bu iş 3 ýyldan 5 ýyla çenli wagt içinde tamamlanmaly.
XS
SM
MD
LG