Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat gaharyny gizlemedi


Narodetski: "Dmitriý Medwedewiň Türkmenistanda Orsýetiň pozisiýasyny berkitmek synanyşyklary, ynha indi iki ýyla golaý wagt bäri şowsuzlyklara uçrap gelýär".

Narodetski: "Dmitriý Medwedewiň Türkmenistanda Orsýetiň pozisiýasyny berkitmek synanyşyklary, ynha indi iki ýyla golaý wagt bäri şowsuzlyklara uçrap gelýär".

Rus prezidentiniň Türkmenistana eden saparynyň jemlerem, ondan soňky bolup geçen käbir beýleki wakalaram Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda çynlakaý oňşuksyzlyklaryň bardygyna şaýatlyk etdi.

Ozaly bilen dünýä metbugaty prezident Medwedewiň Türkmenistana näme maksat bilen sapara barandygy barada sorag goýmagyny henizem dowam etdirýär.

Bu günki gün Medwedewiň Türkmenistana eden saparynyň iki ýurduň arasyndaky gapma-garşylyklary peseltmeg-ä beýlede dursun, gaýta artdyrandygyny görmek kyn däl. Bu saparyň dowamynda taraplar hiç hili ylalaşyk baglaşmadylar. Diýmek, sapara taýýarlygyň barşynda taraplar hökümetara ylalaşyk bilen berkidip bolaýjak hiç bir hili umumy ylalaşyga gelip bilmändirler.

Türkmenistanyň bu saparyň barşynda Orsýetiň öz satyn alýan gazynyň möçberini artdyrmagyna uly umyt baglandygy aýdyň görnüp dur. Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýeti şuňa çagyrypdy. Emma Orsýet iş ýüzünde türkmen prezidentiniň bu çagyryşyny açyk inkär etdi. Ol hatda munuň öwezine üns bererlik nähilidir bir başga teklipleri hödürlejek bolubam durmady. Gaýta, munuň üstesine, Orsýet hazarýaka gazgeçirijisi boýunça proýektiň wagtlaýynça doňdurylýandygyny-da yglan etdi.

Bu ýagdaýyň açyk garşy durmalara getirmegine kän garaşmaly bolmady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Moskwany türkmen-ors gatnaşyklaryna birtaraplaýyn baha bermekde aýyplap, ors tarapynyň üstüne tankydy beýanat bilen hüjüm etdi.

Bu baradaky beýanatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyklary boýunça planlaryna Orsýetiň ýykgynçylykly usullar bilen goşulyşýandygy aýdylýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň öz beýanatynda nygtamagyna görä, hazarýaka gazgeçirijisi boýunça proýekti doňdurmak ideýasy Türkmenistan bilen Gazagystanyň öňünde Orsýetiň öz boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigini bütinleý sorag astynda goýýar.

Mundan daşgary-da, Aşgabat türkmen gazynyň goşuljak “Nabukko” gazgeçirijisiniň Orsýetden sowa ýolunyň öňünde Moskwanyň päsgelçilik döretmek synanyşyklary bilen bagly gahar-gazabyny-da gizläp duranok. Bu mesele boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Ýewropa bilen mundan beýläk-de öz energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekçidigini we ýaran saýlamak meselesini-de özüniň özbaşdak kesgitlemekçidigini resmi tertipde nygtady.

Güýçleriň mynasybeti deň däl

Öz gezeginde Kreml henizem Türkmenistana we tutuş Merkezi Aziýa regionyna amatly täsir sferalary gözlemek bilen meşgullanýar. Türkmenistanyň häkimiýetlerine bolsa Moskwanyň bu synanyşyklary ýaramaýar. Çünki, başagaça bolsa, olar öz häkimiýetlerini we özygtyýarlyklaryny Orsýet bilen paýlaşmaly boljaklar.

Mundan ötri-de, häzirki wagt Orsýet regiona hiç bir hili özara bähbitli ykdysady ylalaşyklary-da hödürläp biljek däl.

Orsýetiň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberi geljek ýyl hem häzirkisinden kän bir üýtgejek däl, ýagny ol 10-12 milliard kubometr çemesi bolup galjak. Emma, beýleki tarapdan, plan boýunça, Türkmenistanyň Hytaýa satýan gazynyň möçberi welin, ýakyn wagtlarda 10 milliard kubometrden 40 milliard kubometre ýetiriljek.

Şu nukdaýnazardan türkmen gazynyň artýan möçberiniň Orsýetiň Hytaýa satmaklygy planlaşdyrýan gazynyň möçberine ýaramaz täsir etmegi-de mümkin.

Dmitriý Medwedewiň Türkmenistanda Orsýetiň pozisiýasyny berkitmek synanyşyklary, ynha indi iki ýyla golaý wagt bäri şowsuzlyklara uçrap gelýär. Bu ýagdaý mundan beýläk şeýle terzde dowam etmez diýmäge-de hiç hili esas ýok.

Özara gatnaşyklardaky häzirki dartgynlylygyň kem-kem güýçlenmegi-de mümkin. Moskwanyň basyşlaryna döz gelmek bolsa, Aşgabadyň bir özüne aňsat düşmez. Sebäbi güýçleriň mynasybeti asla deň däl.

Gatnaşyklar has çylşyrymlaşsa, Türkmenistan diňe halkara goldawyna daýanyp, dörän ýagdaýdan çykalga tapyp biler. Beýle goldawa bolsa ýurt iş ýüzünde diňe öz izolirlenmek syýasatyndan el çekip, daşarky dünýä üçin açylan halatynda eýe bolup biler.

Režim ýapyk bolsa, ýurdy basyp, mynjyratmak aňsat bolar. Sebäbi kyn pursatda hiç kes onuň arkasynda durmaz.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG