Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyz saýlawlarynyň netijesi belli boldy


Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Akylbek Saryýew (ortada) we beýleki agzalar saýlaw netijeleri boýunça ses berýärler, 1-nji noýabr.

Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Akylbek Saryýew (ortada) we beýleki agzalar saýlaw netijeleri boýunça ses berýärler, 1-nji noýabr.

Duşenbe güni Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 10-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň gutarnykly netijelerini yglan etdi. Saýlawa gatnaşan 5 partiýanyň parlamente girmek üçin ýeterlik ses alandygy aýdyldy.

Saýlawlara gatnaşan “Ata-Žurt” – 8,47 %, Sosial-demokratlar – 7,83% , “Ar-Namys” – 7,57%, “Respublika” – 6.93%, “Ata-Meken” sosialistik partiýasy – 5,49% ses alyp, 5%-lik böwetden aýyl-saýyl geçipdirler.

Bu sanlar üç hepde mundan ozal Merkezi Aziýa respublikasy bolan Gyrgyzystanda ilkinji parlament demokratiýasyny döretmek üçin geçirilen taryhy ses berişligiň netijeleri.

Ýöne saýlawçylaryň sany baraday bulaşyklyk we ses berişligiň gidişinde bidüzgünçilik bolandygy baradaky şikaýatlar saýlaw prosesiniň çalt ýol almazlygyna getirip, ýurdy birnäçä wagtlap idegsiz goýdy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Akylbek Saryýew sesleri sanamak işiniň uzaga çekenligini we kyn iş bolandygyny boýun alyp, öňünden aýdylan netijelere komissiýanyň ätiýaçly çemeleşendigini düşündirmäge synanyşdy.

“Netijelere käbir adamlar tolgunma, käbirler hem alada bilen garaşdy. Ýöne sanaw prosesine päsgel bermändikleri üçin biz hemmelerden minnetdar. Biz işimizi hemmelere düşnükli bolar ýaly etmek isledik” diýip, Saryýew aýtdy.

Soňra ol: “Biziň näme edýändigimizi hemmeler bilýär. Özümize edilýän ynamy ödemek we işi gijikdirmäge ýeterlik delilleriň bardygyny görkezmek üçin biziň näme işleri etmek isleýändigimizi hemmeler bilýärdi” diýdi.

Indi 5 partiýa - “Ata-Žurt”, Sosial-demokratlar, “Ar-Namys”, “Respublika” we “Ata-Meken” - geljek üç günüň dowamynda özleriniň kimleri parlamente wekil edip iberjekdiklerini, kimler bilen koalisiýa döretjekdiklerini belli etmeli.

Köplük we azlyk

Alan sesleri beýlekileriňkiden köp hem bolsa, Kamçybek Taşyýewiň ýolbaşçylygyndaky “Ata-Žurt” partiýasynyň “Ar-Namys” partiýasy bilen koalisiýa düzüp, azlyk bolup galmagyna garaşylýar.

Çak edilişine görä, parlamentdäki köplük koalisiýa bilen häkimiýet başyna gelen Sosial-demokratlar, “Ata-Meken” we “Respublika” bolar. Bu üçüsiniň 120 agzaly parlamentden alan ornunyň jemi 67.

“Ata-Ýurt” bilen “Ar-Namys” özleriniň “Bütin Gyrgyzystan” partiýasynyň 5% böwetden geçer diýip umyt edýändiklerini bildirdiler. Beýle bolanda olar koalisiýa gurup, ýokary köplük bilen häkimiýet başyna gelip bilýärler.

Ýöne Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy A.Saryýew seseler ençeme gezek sanalsa-da, “Bütin Gyrgyzystan” partiýasynyň alan sesleriniň 4.6% geçmändigini aýtdy.

Sesleriň sanalmagyny gijikdiren zat ses bermäge hukugy bolan adamlaryň sanynyň üýtgänligi baradaky jedel boldy. Munuň indi şikaýatlara sebäp boljakdygy belli zat.

“Bütin Gyrgyzystan” özüniň netijeleri kabul etmän, suda ýüz tutjakdygyny eýýäm mälim etdi. Şikaýat etjekler bolsa, özleriniň arzalaryny geljek üç günüň içinde resmi taýdan hasaba aldyrmaly.
XS
SM
MD
LG