Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda talyplaryň basyp alan etraby yzyna alyndy


Owganystanyň Gazni welaýatynyň häkimi Musa Han Akbarzadanyň aýtmagyna görä, ýekşenbe güni agşam bolan söweşlerde talyplaryň basyp alan etraby yzyna alyndy.

Musa Hanyň beren maglumatlaryna görä, gozgalaňçylar gije çozup Hogýani etrabyny ele geçiripdirler. Emma duşenbe güni irden hökümet güýçleri bu etraby yzyna alypdyr.

Soňky aýlaryň dowamunda Gazni welaýaty Owganystandaky iň durnuksyz welaýat boldy.
XS
SM
MD
LG