Sepleriň elýeterliligi

Päkistandaky partlamada iki polisiýa işgäri öldi


Duşenbe güni Päkistanda janyndan geçen bir adamyň özüni partlatmagy netijesinde iki polisiýa işgäri öldi we başga-da bäş adam ýaralandy.

Polisiýanyň wekili Şa Mansuryň aýtmagyna görä, şol adam Swabi şäheriniň polisiýa edarasyna girjek bolnanda saklanan wagty özüni partladypdyr.

Päkistanyň harbylarynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2002-nji ýyldan şu ýylyň apreline çenli yslam söweşijileri bilen çaknyşyklarda Päkistanyň harby güýçlerinden 2,421 adam ölüpdir we 7,195 ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG