Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň daşary işler ministri Gürjüstana barýar


Gürjüstanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, Eýranyň daşary işler ministri Manuçer Mottaki resmi sapar bilen Tbilisä barýar.

Gürjüstanyň daşary işler ministriniň orunbasary Nino Kalandadzeniň aýtmagyna görä, şu hepde boljak saparynyň dowamynda Manuçer Mottaki ýurduň prezidenti Mihail Saakaşwili we daşary işler ministri Grigol Waşadze bilen gepleşik geçirer.

Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky wiza düzgünini ýeňilleşdirmek boyunça ylalaşyga gol goýlar.

Eýran soňky ýyllaryň dowamynda Gürjüstan bilen jebis gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda alada edýär.
XS
SM
MD
LG