Sepleriň elýeterliligi

EXPO-2010: Türkmenistanyň sergisi öz işini tamamlady


Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirilen EXPO-2010 halkara ykdysady forumunda Türkmenistanyň sergisi öz işini tamamlady.

Bu sergide Türkmenistanyň 30-dan gowrak ministrlikleri we edaralary ýarym ýyllap öz harytlaryny sergilediler.

Resmi metbugat beýanatynda laýyklykda, bu serginiň dowamynda daşary ýurtly kompaniýalaryň Aşgabatda gurluşyk işlerini alyp barmaklary barada ylalaşylypdyr.

Türkmenistan şeýle halkara sergä ilkinji gezek gatnaşdy.

1-nji maýdan 31-nji oktýabra çenli dowam eden EXPO-2010 halkara sergisine 73 milliona golaý adam barypdyr.
XS
SM
MD
LG