Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Adalat ministrligi syýasy hereketi hasaba aldy


«Demokratik saýlaw» hereketiniň lideri Wladimir Milow ýurduň Adalat ministrliginden öz hereketiniň resmi taýdan tassyklanandygy barada hat alandygyny aýdýar.

Energiýa ministriniň orunbasary bolan Milow indi öz «Demokratik saýlaw» hereketlerini düzýän beýleki üç gurama bilen goşulyp, oppozision syýasy partiýa döretmek ugrunda işlejegini aýdýar.

Milow we oppozisiýa liderleri Mihail Kasýanow, Boris Nemsow we Wladimir Ryžkow dagy 14-nji oktýabrda demokrtik güýçleriň koalisiýasyny döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler.

Olar bu hereketiň ahyrda syýasy partiýa öwrülmegini we parlament hem prezident saýlawlarynda bäsleşige gatnaşmagyny gazanmaga çalyşýarlar.
XS
SM
MD
LG