Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň parlamentine bäş syýasy partiýa girýär


Saýlaw resmileri Gyrgyzystanyň täze parlamentine bäş partiýanyň wekilçilik etjegini aýdýarlar. Emma ol partiýalaryň hiç biri 10-njy oktýabrda geçen parlament saýlawlarynda köplüge eýe bolup bilmedi.

Merkezi Saýlaw komissiýasy saýlawyň soňky resmi netijelerini çap etmek bilen, parlamente girmäge ýeterlik ses gazanan partiýalaryň “Ata-Žurt”, Sosial demokratik partiýa, “Ar-Namys”, “Respublika” we “Ata-Mekendigini” aýtdy.

Merkezi Saýlaw komissiýasy ýurduň günortasyndaky etniki gyrgyzlaryň berk goldawyna daýanýan milletçi “Ata-Žurt” partiýasynyň parlamentiň 120 ornundan 28-sine eýe boljagyny aýtdy.

Hökümete tarapdar Sosial demokratlar 26, “Ar-namys” 25, “Respublika” 23, “Ata-meken” bolsa 18 orun alar.
XS
SM
MD
LG