Sepleriň elýeterliligi

Orsýet bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk barada gürleşýär


Orsýetiň premýer-ministriniň birinji orunbasary Wiktor Zubkow şu gün Aşgabatda Orsýet-Türkmenistan hökümetara komissiýasynyň duşuşygyna gatnaşýar. RIA Nowosti bu habary hökümetiň metbugat gullugyna salgylanyp ýaýratdy.

Duşuşyk mahalynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri barada gürrüň edilmegine garaşylýar.

Şeýle-de W.Zubkowyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG