Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da saýlaw kampaniýalary tamamlandy


Delaweýr ştatyndan Senata dalaş edýän Kris Kuns (sagda) we ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Demokratlaryň Wilmingtondaky saýlaw kampaniýasynda, 1-nji noýabr.
Delaweýr ştatyndan Senata dalaş edýän Kris Kuns (sagda) we ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Demokratlaryň Wilmingtondaky saýlaw kampaniýasynda, 1-nji noýabr.

Kongres, ştat hem-de ýerli hökümet wekillerini saýlamak üçin amerikanlar şu gün ses berişlige girişýärler.

2010-njy ýylda geçýän aralyk saýlawlaryň aňsatlyk bilen ýatdan çykmajakdygynyň iki sebäbi bar. Birinjiden, prezident Barak Obamanyň ýolbaşçylygyndaky Demokratik partiýanyň geçen 16 ýyllykda bolan iň agyr ýitgä uçramagyna garaşylýar. Ikinjiden-de, bu gezek saýlaw kampaniýasyna edilen harajatlaryň öňkülerden has ýokarydygy.

Çykdajylaryň anyk sany entek belli däl welin, ýöne kandidatlar, syýasy partiýalar we aýratyn bähbitli toparlar tarapyndan edilen harajatlar jemi 4 milliard dollara barar diýilýär. Beýle köp puluň sowrulmagynda Birleşen Ştatlaryň Ýokary sudunyň hem paýy ýok däl.

ABŞ-nyň Ýokary sudy üstümizdäki ýylyň başlarynda “Edilýän syýasy harajatlar söz erkinligini goramagyň bir formasy” diýip, karar çykaramk bilen, onlarça ýyllap ýerine ýetirilip gelnen bu kampaniýa degişli maliýe çägini ýatyrdy. Bu hem kompaniýalar federal saýlawlara täsir etmek üçin näçe pul harçlaýayn diýseler, erkleri bar diýildigi.

Graždan erkinligi ugrunda iş alyp barýan toparlar: “Baý söwdagärleriň we öz bähbitlerini araýan toparlaryň saýlawlara çäksiz täsir etmegine ýol açar” diýip, suduň bu kararyny tankytladylar.

Edilýän harajat köpeldi

Munuň saýlawçylara näderejede täsir etjekdigi entek belli däl, ýöne belli zat, onuň saýlawlara edilýän harajaty artdyranlygy. Üstesine-de, adamlaryň ykdysady durgunlykdan närazylygy ýurtda ozal görlüp-eşidilmedik hapa reklamalaryň ulanylmagyna sebäp bolýar.

Kandidatlar öz bäsdeşlerini garalamak üçin hiç bir zatdan gaýdanoklar. Mysal üçin, demirgazyk Karolina ştatynda respublikanlaryň kandidaty Renee Ellmers bu barada New Ýorkda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ýykylan Dünýä Sowda Merkeziniň golaýynda gurulmagy planlaşdyrylan metjitden peýdalandy. Onuň telewideniýeden berlen saýlaw kampaniýasynda bäsdeşi Bob Etheridge bu metjit bilen baglanyşdyrylyp, “musulman” we “terrorist” diýen sözler ulanylýar.

Diktor: “Musulmanlar Iýerusalimi, Kordobany we Konstantinoply basyp alanlarynda, öz ýeňiş metjitlerini gurdular. Olar indi hem Ground Zeroda bir metjit gurmagy isleýärler. Onsoň Bob Etheridgiň tutumy näme? Ol aýtmaz, onuň tutan tutumy ýokdur. Terroristler ýeňiş gazanmaz. Biz olara ‘ýok, Ground Zerode hiç haçan bir metjit bolmaz’ diýip, iňlis dilinde açyk aýdarys”.

Ötünç soramaly boldy

Syýasy reklamalaryň köpüsinde hakykatyň az-kem ýoýulýan ýerleri ýok däl. Ýöne Floridada häkimiýet başyndaky demokrat Alan Graýson garşydaşy respublikan Daniel Webster babatynda öte geçenligi üçin ötünç soramaly boldy. Onuň kampaniýasynda Websteriň dini garaýyşlaryna hüjüm edilip, ol talibanlara deňelýär.

Diktor aýal: “Dinçi fanatikler Owgansytanda, Eýranda we edil şu ýerde, Merkezi Florida-da biziň erkinligimizi elimizden aljak bolýarlar”.

Graýson: “Aýallar, ärleriňize tabyn boluň!”

Kandidat ötünç sorasa-da, ýetjek zyýan eýýäm ýeten bolsa gerek.

Birleşen Ştatlarda syýasy kampaniýa degişli reklamalarda aýdylýan zatlaryň dogrudygyna hemmeler ynanyp barmasa-da, beýle çykyşlar täsirli hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG