Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köpden bäri garaşylýan ädim


Narodetski: "Türkmenistanyň deňi-taýy bolmadyk tebigy baýlyklaryna garamazdan, ýurduň ilatynyň azyndan 30 prosenti garyplyk derejesinde ýaşaýar".
Narodetski: "Türkmenistanyň deňi-taýy bolmadyk tebigy baýlyklaryna garamazdan, ýurduň ilatynyň azyndan 30 prosenti garyplyk derejesinde ýaşaýar".
Milli walýutanyň - manadyň dolanşyga girizilmeginiň 17 ýyllygy bilen bagly prezidentiň eden gutlagyny ýurtda, megerem, hemme adamlar baýramçylyk hökmünde kabul etmedik bolsa gerek.

Öz ellerindäki manady ýaşaýyş minimumyna-da ýetmeýän adamlar muňa has hem ýakymsyzlyk bilen reaksiýa bildiren bolmaly. Elbetde, milli manadyň döredilmeginiň özi halkyňam, döwletiňem uly taryhy üstünligi bolup durýar. Göräýmäge, ýurduň garaşsyzlygy we milli walýutasy nebit hem-de gaz ýaly tebigy baýlyklar bilen birlikde Türkmenistanyň ähli raýatlaryna, iň bolmanda, ýaşaýyş üçin zerur bolan derejede bol-elinligi üpjün edäýmeli ýaly.

Emma beýle bol-elinlik 19 ýyl garaşsyzlykdan soňam, manadyň 17 ýyl ulanylyşyndan soňam bolmady. Ykdysady ösüşler baradaky propogandistik kampaniýanyň çäklerinde ýurtdaky ýokary derejedäki işsizlik barada berk dymylýar. Köpsanly beýleki temalar bilen birlikde, bu temanyň gozgalmagyna hem Türkmenistanda berk gadagançylyk girizilen.

Iş gözleginde köp adamlar bireýýäm Türkmenistandan çykyp gitjekler, emma çykyş we giriş bilen bagly bar bolan berk düzgünler adamlara hatda bu meselede-de erkinlik berenok.

Ýaşlaryň işe ýerleşmekleri we ýokary bilim almaklary bilen bagly mesele ýurtda aýratyn ýiti mesele bolmagynda galýar. Türkmenistanyň öz ýokary okuw jaýlary ýaşlaryň örän çäklije bölegini kabul edip bilýär. Ýurtdan daşary çykmaklygyň birneme aňsat bolan halatynda, ýaşlaryň köpüsiniň daşary ýurtlarda bilim almaga synanyşmaklary-da mumkindi. Emma serhetdäki bar bolan çäklendirmelerden hem daşary, maşgalalaryň köpüsinde öz çagalaryny daşary ýurtlarda okatmak üçin serişdeleriň bolmazlygy – problemanyň ýene biridir.

Şert döredildimi?

Manat özüniň 17 ýyllygyny belleýär, emma bu manat ýurduň köp raýatlary üçin näderejede elýeterli? Manadyň garaşsyzlygy adamlara garyplykdan garaşsyz bolmak üçin şert döretdimi?

Hakykat ýüzünde ýurt esasy bir gapma-garşylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy: Türkmenistanyň deňi-taýy bolmadyk tebigy baýlyklaryna garamazdan, ýurduň ilatynyň azyndan 30 prosenti garyplyk derejesinde ýaşaýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistan henize çenli ýurtda işsizlik problemasynyň bardygyny açyk boýun almakdan ýüz öwrüp gelýär. Ustesine, ol işsizligiň we garyplygyň derejesini peseltmek üçin häkimiýetler tarapyndan anyk nähili çäreleriň görülýändigi baradaky maglumatlary-da gizlin saklaýar. Mundan hem ötri, Türkmenistan işsizlere hiç hili kömek puly bermeýän dünýädäki iň bir seýrek ýurtlaryň hatarynda bolmagynda galýar.

Häkimiýetleriň ähli raýatlaryň durmuşyna doly kontrollyk etmek ugrundaky tagallalary nämüçindir olaryň raýatlary iş bilen üpjün etmek baradaky borçlaryna welin täsir etmeýär. Şu meselede döwlet režimi özüniň gowşaklygyny açyk görkezdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä «milli manat ýurduň ykdysady ösüşinde we halkyň ýaşaýyş derejesini düýpli ýokarlandyrmakda möhüm maliýe instrumenty bolup durýar».

Göwniçökgün raýatlar ösüş we ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanýandygy baradaky bu beýanaty hakykata laýyk gelmeýän beýanat hökmünde kabul edip biler. Optimist raýatlar bolsa, prezidentiň bu beýanatyna onuň garyplyga garşy göreşe başlajakdygy barada berýän wadasy hökmünde garamaklary-da mümkin.

Ýüz müňlerçe türkmenistanlylar prezidentden şeýle ädimlere indi köp wagtlardan bäri garaşýarlar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG