Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýanukowiçiň partiýasy ýeňiş gazanjaga meňzeýär


Saýlawçylar tarapyndan edilen şikaýatlar ýok hem däl.
Saýlawçylar tarapyndan edilen şikaýatlar ýok hem däl.

Ukrainada ýekşenbe güni geçirilen ýerli saýlawlarda prezident Wiktor Ýanukowiçiň partiýasy ýeňiş gazanjaga meňzeýär. Ýurduň iň uly oppozision partiýasy bolsa, ses berişlikde galplyga ýüz urlandygyny aýdyp, saýlaw boýunça derňew geçirilmegini talap edýär.

Bu ýerli saýlawlar fewral aýynda Ukrainada häkimiýet başyna gelen W.Ýanukowiçe ukrainaly saýlawçylaryň baha bermegi üçin ilkinji mümkinçilik bolup durýar. Gutarnykly netijeler üçin ýene birnäçe gün garaşmaly bolar.

Ýöne netijeleriň bir bölegine esaslanýan barlagda W.Ýanukowiçiň Regionlar partiýasynyň alan sesleriniň ýurduň öňki premýer-ministri Ýulia Timoşenkonyň “Ata Watan” partiýasynyňkydan 3 essä golaý ýokarydygy aýdylýar.

W.Ýanukowiçiň saýlaw netijelerini özüniň halk tarapyndan goldanylýanlygynyň subutnamasy diýip, goraryna garaşylýar. Ýöne käbir adamlar benziniň bahasynyň galanlygy we beýleki ykdysady başlangyçlar sebäpli W.Ýanukowiçiň indi o diýen halanmaýanlygyny aýdýarlar.

Kim kimi goldaýar?

Ukrainanyň prezidenti W.Ýanukowiçi goldaýanlar esasan ýurduň gündogar we günorta regionlarynda ýaşýan ors dilli ilat. Günbatarda ýaşaýan ukrain dilliler bolsa öňki premýer-ministr Ý.Timoşenkonyň tarapdary.

Saýlawlara gatnaşan partiýalaryň sany 50-den ýokary. Şol sebäpli saýlawçylar ses bermek üçin ençeme sagatlap nobata durmaly boldular. Bidüzgünçilikleriň bolandygyny aýdýanlar hem esasan Ý.Timoşenkonyň tarapdarlary.

8 aý mundan ozal geçirilen prezidentlik saýlawynda W.Ýanukowiçden ýeňilen Ý.Timoşenkonyň partiýasy üç möhüm welaýatda saýlawy kabul etmeýär. Olar barlag komissiýasyny “saýlawçylar manipulirlendi” diýilýän şikaýatlary derňemeklige çagyrdy.

Saýlawçylar tarapyndan edilen şikaýatlar ýok hem däl. Mysal üçin, paýtagt Kiýewiň Boýarka regionynda ýaşaýan Oksana ýekşenbe güni saýlaw uçastogyna ses bermäge baranda garaşylmadyk ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýdýar.

“Geçen 50 ýyllykda ilkinji gezek şu gün meniň saýlaw hukukym aýak asty edildi. Biz köp wagtan bäri şu ýerde ýaşaýarys. Maşgalam bilen ses bemäge baranymda adymyzy sanawdan tapyp bilmedik” diýip, kiýewli saýlawçy Oksana aýdýar.

Näme sebäp boldy?

Ýöne Ukrainanyň saýlawçylar komitetiniň başlygy Aleksander Çernenkonyň aýtmagyna görä, saýlaw güni bulaşyklyga sebäp bolan zat – saýlawlara gatnaşýan kandidatlaryň sanynyň adatdan daşary köp bolanlygy.

“Bu saýlaw prezidentlik saýlawyndan ýa öňki ýerli saýlawlardan az-kem tapawutly boldy. Munuň hem ýeke-täk sebäbi bu gezek saýlaw kagyzynyň köp bolanlygy. Onsoň nobata duran adamlaryň sany köpelip, dartgynly ýagdaý döredi” diýip A.Çernenko aýdar.

Oppozision partiýalar ozal Regionlar partiýasyny 33 müň ýerli saýlaw geňeşiniň köpüsiniň ýolbaşçylygyny bu partiýanyň işgärlerine berenligi üçin, “sesleri manipulirlemegi planlaşdyranlykda” aýypladylar.

Ýöne Ukrainayň premýer-ministri Mykola Azarow administratiw çeşmelerden peýdalanylmandygyny aýdýar: “Saýlawlarda administratiw çeşmeleriň ulanylan ýeri ýok. Raýatlarymyzyň işine hiç kim garyşanok”.

2004-nji ýylda geçirilen prezidentlik saýlawynda hem W.Ýanukowiçiň bäsdeşi Ý.Timoşenkody. W.Ýanukowiç şonda hem saýlawy galplaşdyranlykda aýyplandy we tutuş ýurtda protestler emele geldi. Gaýtalanan saýlawda hem W.Ýanukowiç ýeňildi.
XS
SM
MD
LG