Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Kuril adalaryna saparyny dowam etdirýär


Sişenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň aýtmagyna görä, prezident Dmitriý Medwedew dawaly Kuril adalarynyň beýleki ýerlerine hem sapar eder.

Ýaponiýanyň hökümeti özüniň Moskwadaky iliçisini wagtlaýynça yzyna çagyrýandygyny yglan edenden soň Orsýetiň bu beýanaty ýaýradyldy.

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Seiji Maeharanyň aýtmagyna görä, olar öz ilçisinden prezident Medwedewiň Kuril adalaryna eden sapary bilen bagly maglumatlary almakçy.

Medwedew bu dawaly adalara baran Orsýetiň ilkinji prezidentidir.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowleý bu ýagdaý barada şeýle diýdi: "Biziň bu dawadan ýeterlik derejede habarymyz bar. Biz bu Demirgazyk territoriýalar babatda Ýaponiýanyň tarapynda. Hut şonuň üçin hem Birleşen Ştatlar birnäçe ýylyň dowamynda Ýaponiýany we Orsýeti bu adalar we başga meseleler dogrusynda ylalaşmak üçin gepleşiklere çagyrýar".

Ikinji jahan urşy tamamlanda bu dört jedelli adalary sowet goşunlary basyp alypdy. Şol döwürden bäri bu adalar boýunça Moskwanyň we Tokionyň arasynda ylalaşmazlyklar dowam edýär.
XS
SM
MD
LG