Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tährandaky Meduniwersitetiň göçürilmegine garşy çykylýar


Eýranyň studentleri, parlamentiň deputatlary, ýurduň uly medisina we okuw merkezleriniň başga ýere göçürilmegine garşy protest geçirdiler.

Şenbe güni ýurduň saglyk ministri Marzieh Wahid Dastjerdi Eýranyň Medisina uniwersitetiniň Tährandan göçürilýändigini habar beripdi.

Wahid Dastjerdi şeýle kararyň prezident Mahmut Ahmedinijadyň edarasyndan gelen tabşyryk esasynda çykarylandygyny aýtdy. Şol tabşyryga laýyklykda, hökümet edaralary Tähranyň daşynda ýerleşdirilmeli.

Ministriň bu habaryndan soň şol uniwersitetiň studentleri protest geçirdiler.

Eýranyň parlamentiniň 18 agzasy saglyk ministrine bu karary ýatyrmagy haýyş edip, hat ýazdylar.

Eýranyň Medisina uniwersitetiniň düýbi 1974-nji ýylda tutulypdy. Onda 6,000 çemesi student okaýar.
XS
SM
MD
LG