Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa we Britaniýa bilelikde harby deňiz we howa güýçlerini döreder


Sişenbe güni Londonda Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bilen Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozy duşuşdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Kameronyň aýtmagyna görä, britan we fransuz gantaşyklarynda “täze sahypa” açyldy.

“Biz Britaniýanyň we Fransiýanyň goranmak we howpsuzlyk baradaky hyzmatdaşlygynyň uzak taryhynda täze bir sahypa açdyk. Biz iki sany ylalaşyga gol goýduk. Olaryň biri dünýä derejesindäki harby goşunlarymyzyň has ysnyşykly işlemegini ýola goýar. Beýlekisi bolsa, ýadro howpsuzlygy baradaky hyzmatdaşlygymyzy göz öňünde tutýar” diýip, Deýwid Kameron aýtdy.

Gol goýlan ylalaşyga laýyklykda, iki döwletiň bilelikdäki harby deňiz we howa güýçleri dörediler.

Liderler gazanylan bu ylalaşyklaryň Ýewropa Bileleşigine we NATO ýurtlarynyň hiç birine ýaramaz täsir ýetirmejekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG