Sepleriň elýeterliligi

Fiziki maşklary etmeýänleriň sowuklamak howpy iki esse ýokary


Fiziki maşklary etmeýän adamlaryň sowuklamak töwekgelçiliginiň iki esse ýokarydygyny amerikaly alymlaryň geçiren barlaglary görkezdi.

Barlaglaryň dowamynda 1,000-den gowrak adamyň keselleme derejesine gözegçilik edildi.

Bu barlaglaryň netijesine görä, hepdede 5 gün türgenleşik geçýän adamlar ortaça 5 günde, orta derejede türgenleşik geçýänler takmynan 5,5 günde sowuklamadan gutulýar. Emma hiç wagt fiziki maşk etmeýänleriň ortaça 9 günden soň sowuklmadan açylýandygy belli boldy.

Dowamly fiziki maşklary edýän adamyň immuniteti berkäp, wiruslara garşy göreşmek güýji artýar.
XS
SM
MD
LG