Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki gyrgyz prezidentiniň ýegeni 10 ýyl azatlykdan mahrum


Sişenbe güni Gyrgyzystanyň sudy öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň ýegeni Sanjar Bakiýewi 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Kurmanbek Bakiýewiň uly agasynyň ogly Sanjar Bakiýew öňki prezidentiň egindeşlerine goldaw bermekde, Jalalabatda bolan bidüzgünçiliklere gatnaşmakda we bikanun ýarag edinmekde aýyplandy.

Gyrgyzystanda aprel aýynda bolan döwlet agdarylyşygyndan soň öňki prezident Kurmanbek Bakiýew ýurdy terk etdi we häzir Belarusda ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG