Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan saýlawlarynda Respublikanlar öňe saýlandy


Oppozisiýadaky Respublikan partiýasy Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýünde kontrollugy ele geçirdi.

Wekiller öýi soňky dört ýylda Obamanyň demokratlarynyň kontrollugynda bolupdy.

Respublikanlaryň Wekiller öýünde sesleriň köplügine eýe bolmagy üçin azyndan 39 orun utmagy gerekdi.

Şeýle-de gözegçilik Respublikanlaryň 100 orunly Senatda Demokratlardan azyndan bäş orun utýandyklaryny görkezýär.

Emma olaryň bu utuşlary Demokratlaryň Senatdaky köplügini soňlamak üçin ýeterlik däl.
XS
SM
MD
LG