Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda bolan partlamalarda azyndan 60 adam öldi


Bagdatdan gowşan habarlarda ýurduň paýtagtynda bolan partlamalarda azyndan 60 adamyň ölendigi aýdylýar.

Resmiler bu hüjümlerde 200 adamyň ýaraly bolandygyny hem aýdýarlar.

Hüjümler esasan şaýylaryň ýaşaýan ýerlerinde bolupdyr.

Aýdylmagyna görä, şäher boýunça azyndan 10 ýere, restoranlara, kafelere, bazarlara zarba urlupdyr.

Bu hüjüm ulaglaryň we ýol ýakasynda goýlan bombalaryň ýarylmagyny, janyndan geçenleriň özüni ýarmagyny we raketa zarbalaryny hem öz içine alýar.

Ýekşenbe güni Bagdat ybadathanasynda bolan zamun alyşlyk hadysasynda 50-den gowrak adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG