Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa bilen Polşa Belarusy azat saýlaw geçirmäge çagyrýar


Germaniýanyň we Polşanyň daşary işler ministrleri Gido Westerwel bilen Radoslaw Sikorskiý Belarusy gelýän aýda boljak saýlawlary azat hem adalatly geçirmäge çagyrdy.

Olar Minskide Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşykdan soň çykyp gürlediler we Belarus bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulaşmagy 19-njy dekabrda geçjek saýlawlara bagly diýdiler.

Sikorskiý eger bu saýlaw adalatly geçirilse, Minskiniň gelýän üç ýylda 3 milliard ýewro çemesi maliýeleşdirmä eýe bolup biljegini aýtdy.

1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Lukaşenko bu saýlawyň demokratik esaslarda geçjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG