Sepleriň elýeterliligi

“Ata Meken” koalisiýa goşulmaýandygyny aýdýar


Gyrgyzystanyň “Ata Meken” partiýasynyň başlygy Omürbek Tekebaýew öz partiýasynyň ýurduň täze parlamentinde dolandyryjy koalisiýa döretmek baradaky resmi gepleşiklere goşulmandygyny aýdýar.

Tekebaýew Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren gürrüňinde özleriniň parlamentde iň az orun alan partiýasynyň entek hiç bir gepleşige çagyrylmandygyny aýtdy.

10-njy oktýabrda bolan saýlawlaryň netijeleri “Ata Mekeniň” 120 orunly gyrgyz paralmentinde 18 orun alandygyny görkezdi.

Bu partiýanyň Sosial demokratlara we “Respublika” partiýasyna goşulyp, 67 orunly dolandyryjy koalisiýa gurmagyna garaşylýardy.

Gyrgyzystan awtoritar prezidentleriň agalyk edýän sebiti bolan Merkezi Aziýada ilkinji parlament demokratiýasyny gurýar.
XS
SM
MD
LG