Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskiniň hökümi 15-nji dekabrda okalar


Moskwanyň sudy türmä basylan nebit tütjary Mihail Hodorkowskiniň sud höküminiň 15-nji dekabrdan okalyp başlanjagyny aýtdy.

47 ýaşly Hodorkowskiý 2003-nji ýylda, öz ýolbaşçylyk eden Ýukos kompaniýasynda kezzaplyk etmekde we salgytdan gaçmakda günälenip türmä basyldy.

Onuň häzirki 8 ýyl türme tussaglygyna köpler rus lideri Wladimir Putine garşy gideni üçin berlen jeza hökmünde garaýarlar.

Hodorkowskiý häzir kezzaplyk we döwlet emlägine el urmak aýyplamalarynyň ikinji tapgyry üçin sud edilýär we bu onuň 2017-nji ýyla çenli türmede saklanmagyny üpjün etmeli.

Hodorkowskiý suddaky soňky sözünde özüniň aklanjagyna ynanmaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG