Sepleriň elýeterliligi

Ýemen Amerikada doglan radikal ruhana garşy iş açýar


Ýemen Birleşen Ştatlarda doglan radikal ruhany Awlakä garşy gaýybana sud seljerişligini açdy. Waşington ony terror hüjümlerindäki roly sebäpli diri ýa-da öli ele salmak isleýär.

“Al-Kaýdanyň” Arap ýarym adasyndaky şahasynyň baştutanlarynyň biri diýip bilinýän ruhany ýemen daglyklarynda, öz tiredeşleriniň goragy astynda gizlenip ýaşaýandyr öýdülýär.

Awlakä garşy sud seljerişliginiň başlanýandygy 1-nji noýabrda yglan edildi.

Suduň sişenbe güni, Sanaadaky sud otagynda bolan ilkinji diňlenişiginde prokuror Awlakini daşary ýurtlulary öldürmäge meçew bermekde aýyplady, emma “Al-Kaýda” bilen göni baglanyşykda aýyplamady.
XS
SM
MD
LG