Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa düwünçek bombalaryndan soň poçta ýüklerini togtadýar


Grek polisiýasy häkimiýetleriň Gresiýadan daşary ýurtlara iberilýän poçta düwünçeklerini azyndan iki günlük saklamaly edendigini aýtdy.

Bu karara Şweýsariýanyň, Orsýetiň, Çiliniň, Bolgariýanyň we beýleki ýurtlaryň Gresiýadaky ilçihanalaryna güman edilýän poçta bombalary iberilenden soň gelindi.

Şeýle-de Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň Berlindäki edarasyna iberilen partlaýjyly düwünçek tutulyp saklandy.

Grek polisiýasynyň ýaýradan beýanatynda poçta arkaly iberilýän düwünçekleriň derňew geçirmek üçin 48 sagat saklanjagy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG