Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şahsyýet kulty Ýewropa ölçeglerine pitjiň atýar


Türkmenistanda öňki «ömürlik» prezidentiň ölmegi bilen soňlanar öýdülen awtoritarizm ýene öňe müňzeýär.

25-nji oktýabrda Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Myrat Garrryýewiň dilinden orta atylan ömürlik prezidentlik arzuwy munuň ýene bir mysaly boldy. Ýogsa täze prezident işe başlanda türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesiniň Ýewropa ölçegleriniň deňine göteriljegini wada beripdi.

Eýsem Türkmenistanda awtoritarizmiň saklanyp galmagy ýurduň we adamlaryň bähbidinemi? Türkmenistana Ýewropa standartlarynyň gelmek mümkinçilikleri nirede we nämelere bagly?

Azatlyk Radiosy bu barada Bolgariýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Annadurdy Hajyýew bilen söhbetdeşlik gurady. Söhbetdeşligi Ýowşan Annagurban geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Bilşiňiz ýaly, Türkmenistanda ýene bir şahsyýeti götergilemek, hatda prezidentiň ömürlik bolmagyny arzuwlamak we bu zatlary döwlet telewideniýesi arkaly wagyz etmek güýçlenýär. Bu “açylýan”, “Nyýazowyň eden ýalňyşlyklaryndan kem-kem saplanýan” diýilýän Türkmenistanyň peýdasynamy?

Annadurdy Hajyýew: Bu ugur ýurdy öňküdenem beter garaňkylyga iterýär. Eger S.Nyýazow bu hili karara 14 ýylda gelen bolsa, Türkmenistanyň häzirki ýolbaşçysyna munuň üçin diňe 3 ýyl gerek boldy. Emma halk täze prezidentiň Nyýazowyň ýalňyşlaryny düzetmegine garaşypdy.

Döwlet maşyny, metbugat, telewideniýe arkaly bir adamyň şahsyýetini götergilemek hiç bir jähetden halkyň peýdasyna däl. Meniň pikirimçe, bu ädim bir tarapdan ýurda hem häzirki prezidente biabraýlyk bolsa, ikinji tarapdan dünýä jemgyýetçiligine pitjiň atmak bolup görünýär. Ýurt bu ýoly eýýäm geçdi we petige diredi. Eger Berdimuhamedow hem şu ýoldan gitse, ol Türkmenistany başga hiç ýere däl, diňe petige getirer we dünýä jemgyýetçiligi bilen gapma-garşylygy güýçlendirer.

Men dünýäniň öňdebarjy ýurtlarynyň soňky türkmen inisiatiwalaryna az üns berendigini öňem aýdypdym. Resmi Aşgabadyň hötjetligine jogap hökmünde, olaryň kä halatlarda asla görmezlige salynýanyny hem aýtmak bolar.

21-nji asyrda dünýä üýtgeýär, diktatura we awtoritarizm geçmişe gidýär. Fidel Kastronyň höküm süren Kubasyna serediň. Bu ýurt indi ýuwaş-ýuwaşdan halkara prosesine gatylýar. Kuba häkimiýetleri öz oppozision garşydaşlarynyň tas ählisini türmeden boşatdylar. Hatda Hytaýda, kommunistik ideologiýanyň şunça ýyllap höküm sürýän ýerinde, adam hukuklarynyň basgylanýan ýurdunda hem ömürlik lider saýlanmaýar. Hiç bir imperiýa baky ýaşamady, hiç bir diktatora ogurlan baýlyklary nesip etmedi. Bu zatlar unudylmasa ýagşy.

Azatlyk Radiosy: Ozalky ömürlik prezidentiň ölenine kän wagt geçmänkä ýene ömürlik prezident ideýasynyň orta çykmagy türkmen häkimiýetleriniň öz işlerine ynamyny we onuň halk içinde goldaw tapýanyny görkezýämri ýa ynamsyzlygy?


A.Hajyýew: Ýadyňyzda bolsa, ozal bu ideýanyň inisiatorlary wise-premýerler bolupdy. Munuň olar, başizmiň ideologlary we aksakgallary üçin nähili soňlanany hemmä belli. Emma olaryň heniz saklanyp galanlary-da bar we şolaryň biri köne ideýany öňe sürýär.

Meniňçe, döwlet işgärleriniň köpüsi ikiden birini, azatlygy ýa gözenegiň aňyrsyna düşen özalky kärdeşleriniň ykbalyny saýlap almaly. Ömürlik prezidentlik bir adamyň eden-etdilik etmegine getirýär we repressiýa ýazýar. Çinownikleriň köpüsi ömürlik prezidentligi ýürekden isleýändir öýdemok, şol bir wagtda-da olar öz häkimiýet ömürlerini islendik ýol bilen uzaltmak isleýärler. Onsoň olar prezidenti ömürlik yglan etmek ýaly bikanun işlere-de baş goşýarlar. Bu ýerde mesele çinownikleriň öz düşewüntli ornuny ýitirmek islemezligi bilen bagly. Eger kanun esasynda açyk saýlaw geçirilse, häkimiýet başyndakylaryň içinde halkyň goldawyny aljak adam az, ine, çinownikler hemme zatdan beter şundan gorkýarlar.

Azatlyk Radiosy: Häzir dünýäniň uly güýçleri - ABŞ, Ýewropa, Orsýet we Hytaý Türkmenistana täsirlerini artdyrmak üçin tagalla edýär. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Eýran, Hytaý ýaly ýurtlara ýakynlap, Günbatardan daşlaşýanlygy barada aladalar eşidilýär. Siziňçe, bu meselede Türkmenistanyň utuşy nirede?


A.Hajyýew: Dykgat ediň, Türkmenistanyň esasy ykdysady hyzmatdaşy hökmünde, Orsýet iki onýyllyk bäri rus-türkmen goşa raýatlygy bolan adamlaryň ýagdaýyny ýeňilleşdirmäge nepi ýetjek tapylgysyz mümkinçiligini ulanman gelýär. Tapylgysyz mümkinçilik diýip men has giň, has çuň ykdysady hyzmatdaşlygy nazarda tutýaryn.

Rus syýasatçylarynyň bir zada düşünmegi gerek, sebitde durnuklylyk diňe bir ýagdaýda, Türkmenistanda demokratiki jemgyýet gurulsa we hukuk dabaralansa bolar. Orsýet häzir öz syýasatynyň netijesini görýär we iş ýüzünde bir zada, diktator režimleriniň belli bir syýasatynyň bolmaýandygyna we üýtgäp durandygyna göz etirip başlaýar. Beýle liderler bir gün öz uzak ýyllyk hyzmatdaşlaryndan aňsatlyk bilen ýüz öwrüp-de biler.

Merkezi Aziýadaky islendik diktatura sebit üçin howp. Diktaturalaryň durnuklylyk däldigine Andijanda, Gyrgyzystanda bolan zatlar hem anyk mysal bolup durýar. Orsýet ýaly, Hytaý hem Türkmenistany diňe ykdysady hyzmatdaş hasaplaýar. Adam hukuklaryny hormatlamak ýaly zatlar Hytaý üçin boş gürrüň. Elbetde, bu Eýrana hem degişli. Emma ABŞ, ÝB babatda aýdylanda, olar Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada dymýar.

Azatlyk Radiosy: Näme, Birleşen Ştatlaryň, ÝB-niň Türkmenistanda ykdysady bähbitleri ýokmy?

A.Hajyýew: Elbetde, Birleşen Ştatlaryň hem, Ýewropa Bileleşiginiň hem Türkmenistanda ykdysady bähbitleri bar. Olar aýratynam energiýa pudagy bilen gyzyklanýarlar we şu bazarda berkemäge çalyşýarlar.

Ykdsady nukdaý nazardan seredilende, günbatar maýasynyň Türkmenistana gelmegi diňe täze tehnologiýany, goşmaça iş ýerlerini, ýokary hünärli bilermenleriň ýetişdirilmegini we başgalary aňlatmaýar, eýsem biznes etmegiň günbatar ölçeglerini, hojalygy ýöretmegiň günbatar hukuk normalaryny, maliýe akymlarynyň aç-açanlygyny hem aňladýar. Olaryň iş, biznes edişi medenileşen usullara has ýakyn bolansoň, söwda şertnamasy awtoritar režimi has-da berkider diýip alada galmaly däl.

Günbatar türkmen gazyny islendik ýol bilen satyn almakçy däl, ol gaza berilýän maliýe serişdeleriniň diktaturany berkitmäge sarp edilmegini islemeýär. Bu serişdeler türkmen halkynyň zerurlyklaryna harçlanmagy üçin býujete girizilmeli.

Her neneň hem bolanda, günbatar hünärmenleri, hatda işçileri hem, orsýetliler, hytaýlylar bilen deňeşdirilende, düýpden başga derejede pikirlenýän adamlar. Olaryň diňe özleriniň gelmegi hem ýurda düýpden başga pikirlenişiň gelmegine sebäp bolar.

Azatlyk Radiosy: Bu ýagdaýda türkmen häkimiýetleri Günbatar bilen hyzmatdaşlykdan çekinmezmi? Siz şeýle bir psihologiki ýagdaý hyzmatdaşlyga päsgelçilik döredip biler öýtmeýärsiňizmi? Aslynda bu meselede nämeden gorkmaly we nämeden gorkmaly däl? Ýagny uzagyndan näme edilende peýdaly bolar?

A.Hajyýew: Hawa, munuň başda halka däl, işi awtoritar usulda, kölegeli ýagdaýda etmäge öwrenen ýerli çinowniklere amatsyz bolmagy mümkin. Emma türkmen çinownikleri hem öz bikanun işleriniň iru-giç üstüniň açyljagyna düşünýärler. Şu sebäpden olar hem ýuwaş-ýuwaşdan işi kanun esasynda ýöretmegi öwrenmeli. Bu ykdysady nukdaý nazardanam peýdaly.

Emma Türkmenistan günbatar maýasyna howatyrly garaýar. Sebäbi günbatar maýasynyň Türkmenistanda ornaşyp başlamagy ýurtdaky içerki klimatyň üýtgemegine getirjek. Günbataryň ykdysady bähbitleri bilen olaryň adam hukuklary babatdaky ölçegleri deň derejede möhüm hem şol bir pozisiýada durýar we bular türkmen režimine şol bir derejede ýakymsyz diýsek-de bolar.

Azatlyk Radiosy: Hukuk goraýjylaryň bir topary Ýewropa Bileleşigini Türkmenistan bilen söwda şertnamasyny baglaşmazlyga çagyrýar. Siziňçe, bu çagyryş mantyksyz-da onda?

A.Hajyýew: Hukuk goraýjylar Türkmenistan bilen söwda şertnamasyna gadaganlyk arkaly režime täsir ýetirjek bolup uzak wagt synanyşyk etdiler. Emma bu strategiýa kömek etmedi. Meniňçe, halkara hukuk toparlarynyň bu çemeleşişi üýtgetmekleri gerek. Eger Türkmenistana täze tehnologiýaly günbatar maýasy gelip girse, bu pursaty hem günbatar biznesini ýurda getirmek, hem şoň arkasyndan progressiw ugur-ýörelgeleri getirmek üçin ulanmaga çalyşmaly.

Başga sözler bilen aýdylanda, hukuk goraýjylaryň şygary şeýle bolmaly – “Türkmenistan bilen biznes etmek isleýärsiňiz-de tankyt isläňizokmy, onda geliň bu iki elementiň üstünde bilelikde işläp, olary bilelikde öňe itekläliň!” Mysal üçin, “Buig”, “Simens”, “Mersedes” kompaniýalarynyň biznes ediş prinsipleri Ýewropanyň abraýyna däl. Brýussel muňa üns bermeli we bu hili biabraýçylyga garşy durmaly. Ýewropanyň diňe çagyryşlar we beýanatlar bilen çäklenmän, biznes etmegiň prinsiplerini üýtgetmegi we ony hukuk goraýyş işi, diktator režimli ýurtlar babatdaky talaplar we anyk hereketler bilen utgaşdyrmagy zerur.
XS
SM
MD
LG