Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan bileleşip dolandyrylar


Gyrgyzystanda 10-njy oktýabrda bolan parlament saýlawlarynyň resmi netijesi 22 günden soň, 1-nji noýabrda yglan edildi. Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawlaryň netijelerini yglan edenden soň, parlamentde nähili koalisiýanyň düzüljekdigi baradaky mesele jemgyýetçiligiň üns merkezine düşdi.

27-nji iýunda referendumda kabul edilen Konstitusiýanyň 71-nji maddasyna laýyklykda saýlawlaryň netijeleri resmi taýdan yglan edilensoň, parlament özüniň birinji maslahatyny 15 günden gijikdirmän geçirmeli. Konstitusiýanyň 84-nji maddasyna laýyklykda parlment öz işine başlansoň, prezident haýsydyr bir fraksiýa hökümet düzmegi tabşyrýar. Beýle tabşyryk alan partiýa 15 günüň içinde hökümeti düzmeli.

Diňe birleşip, güýje öwrülip boljak

Saýlawlaryň netijesine görä, hiç bir partiýa 61 mandat alyp bilmändir. Şonuň üçin azyndan üç partiýa birleşip koalisiýa düzmeli bolar.

Häzire çenli Gyrgyzystanyň “Sosial-Demokratik” partiýasy bilen “Respublika” partiýasy koalisiýa düzmek barada ylalaşyga geldiler. Emma bu iki partiýanyň alan sesi 49 mandata ýetdi. Şeýlelikde olara üçünji partiýa goşulmaly. Olara parlamentde 18 mandaty bolan “Ata Meken” partiýasynyň goşulmagy mümkin.

Gyrgyzystanyň “Sosial-Demokratlar” partiýasynyň wekili Farid Nyýazow “Sosial-Demokratlaryň” agzalarynyň şol üç partiýanyň gatnaşmagynda koalisiýa düzmek höwesiniň bardygyny 1-nji noýabrda aýdypdy: “Men häzir “Sosial-Demokratlar” partiýasynyň lideri bilen gepleşdim. Biz “Ata Meken” partiýasy bilen koalisiýa düzmek üçin hereket edýäris. Biziň maksadymyz koalisiýany işe ukyply edip düzmek. Bu diýmek saýlawyň öňüsyrasyndaky programmalar we daşky syýasat boýunça özara ylalaşmaly diýildigidir”.

Emma “Ata Meken” partiýasynyň lideri Ömürbek Tekebaýew koalisiýa boýunça pikir alyşardan entek irdigini aýtdy. Ol: “Biz häzir koalisiýa barasynda hiç zat aýdyp bilmeris. Sebäbi koalisiýa barada hiç hili resmi görkezme bolmady. Bize teklip bilen hiç kim ýuz tutmady” diýdi.

Tekebaýew Gyrgyzystanda parlament dolandyrylyşy döwlet sistemasynyň mydamalyk galjakdygyny-da sözüniň üstüne goşdy: “Biziň proýektimiz üstünlikli bolan ýagdaýynda parlamentarizm diňe bizde bolmaz. Ol bütin Merkezi Aziýa döwletlerine ýaýrar. Emma tersine bolaýsa, onda biz döwlet düzümini üýtgetmeli bolarys. Ýöne biz ideýamyzyň amala aşjakdygyna ynanýarys”.

“Ata Žurt” we “Ar-Namys”

28 deputatlyk mandata eýe bolan “Ata Žurt” hem-de 25 deputatlyk orny bolan “Ar-Namys” partiýalary özbaşdak bir koalisiýa düzmäge çalyşýarlar. “Ar-Namys” partiýasynyň agzasy Tursunbaý Bakir ogly koalisiýa boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygyny, emma entek hiç hili netijäniň ýokdugyny aýtdy.

“Häzirlikçe gepleşikler geçirilip tamamlanmady. Ahli partiýalar bilen gepleşikler geçirýäris. Hiç bir partiýa üç partiýadan ybarat blok düzüp bilmedi” diýip T.Bakir ogly aýtdy.

“Ata Žurt” partiýasy-da koalisiýa boýunça gepleşikler geçirdi. Emma esasy gepleşikleriň parlamentde boljakdygyny partiýanyň agzasy Kurmanbek Osmonow bildirdi. Onuň sözlerine görä, “Ata-Žurt” hiç bir koalisiýa girmese, onda parlament azçylygynda galar: “Eger-de doly koalisiýa düzüp bilmesek, onda parlament azçylygynda galarys. Ol betbagtçylyk däl. Kadaly işlesek bolany”.

Şeýlelikde koalisiýa meselesi gyrgyz jemgyýetinde çözgüdine garaşylýan möhum mesele bolup galýar.
XS
SM
MD
LG