Sepleriň elýeterliligi

Hiç hili konflikt bolmadyk ýaly…


Orsýetiň hökümet başlygynyň orunbasary Wiktor Zubkow (öňde) we premýer-ministr Wladimir Putin

Orsýetiň hökümet başlygynyň orunbasary Wiktor Zubkow (öňde) we premýer-ministr Wladimir Putin

Soňky birnäçe günüň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynda adaty ýagdaýlarda özara ylalaşdyryp bolmajak wakalar bolup geçdi.

Orsýetiň prezidentiniň Türkmenistana eden saparynyň netijesiz sapar bolandygy baradaky tema tutuş halkara derejesinde gürrüň edilen we üns merkezinde bolan tema boldy.

Munuň üstesine, rus prezidentiniň sapary Aşgabat bilen Moskwanyň gatnaşyklarynyň käbir jähtlerde örän dartgynly derejelere ýetmegine-de sebäp boldy.

Medwedewiň Aşgabatdan dolanmagyndan birnäçe gün geçensoň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Moskwany Türkmenistanyň öňünde öz şertlerini gögertjek bolmak synanyşyklarynda aýyplap, muňa garşy protest notasy bilen çykyş etdi.

Birden üýtgedi

Bu mesele bilen bagly ýüze çykan goh-galmagalyň fonunda bolsa, Orsýetiň hökümet başlygynyň orunbasary Wiktor Zubkow Aşgabatda peýda bolýar. Edil şol gün hem türkmen-ors hökümetara komissiýasynyň maslahaty geçirilýär.

Daşyndan seredäýmäge iki ýurduň arasynda göýä hiç hili konflikt bolmadyk ýaly. Resmi propoganda bolsa türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüş dinamikasy barada öwgüli sözleri zowladýar. Zubkow hem öz gezeginde türkmen häkimiýetlerini aýakaldygyna öwýär.

Daşyndan seretseň, ýagdaý bütinleýin çepbe çöwrülene meňzeýär. Göýä, başda Aşgabat bilen Moskwa birek-biregiň sabyr käsesini synag edip görmegi maksat edinen ýaly. Indem, goýä, Medwedewiň goh turuzan geň sapary hem bolmadyk ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem Orsýete garşy protest notasyny asla göndermedik ýaly bolup dur.

Ýöne, umumy alnanda, Moskwa bilen Aşgabat özara gatnaşyklary has ýaramazlaşdarmakdan saklanmak kararyna gelene meňzeýär.

Elbetde, rus häkimiýetleriniň şu günki gün öz maksatlaryna basyşlar arkaly ýetmek niýetleriniň ýok bolmagy-da mümkin.

Ýewropa ugry

Türkmen tarapy hem emele gelen dartgynlylygy gowşatmaga çalyşýan bolmaly, sebäbi Orsýet bilen açyk dawa girilen halatynda, Aşgabadyň käbir planlarynyň puja çykmagyna getirjek kyn ýagdaýlaryň döremegi-de mümkin. Şol planlardan birem Türkmenistanyň “Nabukko” gaz proýektine gatnaşmak planydyr.

Bu proýektiň öňüne böwet bolýan esasy problemalardan birem, Hazaryň statusy bilen bagly meseläniň çözülmän gelmegi hem-de Azerbaýjanyň ylalaşyklara höwesek bolmazlygy.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň Moskwa bilen gatnaşyklaryndaky soňky öwrümli hereketleri Hazar deňzi bilen bagly meseläniň oňyn tarapa çözülmegi üçin Türkmenistanyň ulanýan özboluşly bir söwdalaşmak guraly bolmagy-da mümkin.

Ýakyn günlerde Aşgabada Türkiýäniň delegasiýasynyň gelmegine garaşylýar. Türkmenistanyň hökümeti Hazar meselesinde Türkiýäniň goldawyna aýratyň bil baglaýar. Sebäbi, bu meselede Türkiýäniň Azerbaýjana täsir edip bilmegi mümkin.

Moskwanyň mümkinçilikleri çäkli

Türkmen tarapynyň kakabaş hereketleri netijesinde Moskwanyň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrmak kararyna gelmegi-de bolup biläýjek zat. Şu günki gün Merkezi Aziýada, aýratynam, Türkmenistanda öz täsirlerini saklap galmak üçin Moskwanyň elinde ulanyp bolaýjak mümkinçilikler örän çäkli.

Türkmen-orsýet gatnaşyklaryna baha bermekde iki tarapyň propogandasynyň her nähili şowhunly sözleri ulanýandygyna garamazdan, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň problemalardan halas däldigi fakt bolmagynda galýar.

Ýagdaýlary has-da dartgynlaşdyrmaklygyň Türkmenistan üçin has-da bähbitsiz netijeleri bermegi mümkin. Eýsem, türkmen häkimiýetleri ýorgana görä aýak uzatmaklyga näderejede ukyply? Ýurduň bähbitleri üçin çalyşmak meselesinde olar öz-özlerini burça gabap goýmazlarmy?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG