Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Rewolýusiýa sakçylary” Ahmedinejady tankytlady


Analizçileriň pikiriçe, Ahmedinejadyň “Rewolýusiýa sakçylary” tarapyndan tankytlanmagy ýokary dini ýolbaşçy Aýatolla Ali Hameneýi tarapyndan oňa berilýän bir duýduryş.
Analizçileriň pikiriçe, Ahmedinejadyň “Rewolýusiýa sakçylary” tarapyndan tankytlanmagy ýokary dini ýolbaşçy Aýatolla Ali Hameneýi tarapyndan oňa berilýän bir duýduryş.

Eýranyň “Rewolýusiýa sakçylary” prezident Mahmud Ahmedinejady beren käbir beýanatlary üçin tankytlady.

Tankyda sebäp bolan zat, ilkinji nobatda, onuň “parlament ýurduň işleriniň çür depesinde duranok” diýenligi. Prezident şeýle hem yslam däl-de, “eýrança pikirleniş mekdebini” ösdürýänligi üçin tankytlanýar.

Ahmedinejad soňky hepdelerde konserwatiw ýaranlary tarapyndan özüniň täze milletçilikli ritorikasy sebäpli tankyt astyna düşdi. Ahmedinejad häkimiýet başyna gelensoň, ýurtda güýji we täsiri artan “Rewolýusiýa sakçylarynyň” mundan öň ony açyk tankytlan mahaly ýok.

Analizçileriň pikiriçe, prezidentiň “Rewolýusiýa sakçylary” tarapyndan tankytlanmagy ýokary dini ýolbaşçy Aýatolla Ali Hameneýi tarapyndan oňa berilýän bir duýduryş.

Yslam respublikasynyň “Rewolýusiýa sakçylary” boýunça ekspert Ali Alfoneh bu tankyda Eýranda häkimlik edýän toparyň arasynda deňagramlyk döretmek maksady bilen Hameneýiniň edýän synanyşygy diýip, baha berýär.

“Parlamentiň Ahmedinejady tankytlamak baradaky tagallalaryny Hameneýi sistemalaýyn goldap geldi. Ol sud häkmiýetlerini hem Ahmedinejady tankytlamaga höweslendirdi. Indi hem ony “Rewolýusiýa sakçylary” tankytlaýar. Bilşimiz ýaly, reformaçy lager häzir ýok. Şol sebäpden bu Hameneýiniň deňagramlyk, Ahmedinejada garşy bir güýç döretmek üçin tapan çäresi bolmagy mümkin” diýip, Alfoneh aýdýar.

Alfoneh: “Ahmedinejad özüne bir imperiýa, dini ýolbaşça bütinleý garaşsyz bir güýç bazasyny döretmäge synanyşdy” diýýär.

“Hameneýini aladalandyrýar”

“Rewolýusiýa sakçylary” barada köp zatlar ýazan Reza Halykyň pikiriçe bolsa, Ahmedinejadyň güýç-gudratynyň artmagy Hameneýini aladalandyrýar.

“Ýurduň hökümeti hem býujeti Ahmedinejadyň elinde. Ol şonuň üsti bilen jemgyýetiň aşaky gatlaklaryny özüne çekdi. Indi hem “eýran yslamy”, ”eýrança pikirleniş mekdebi” diýip, orta gatlagyň goldawyny gazanmaga synanyşýar. Şeýlelikde Ahmedinejad strukturanyň içinde bir hakyky güýje, ýokary dini ýolbaşça garşy güýje öwrülip gelýär. Bu hem Hameneýi üçinem, “Rewoulsiýa sakçylary” üçinem kabul ederliksiz” diýip, Halyk aýdýar.

Halyk: “Hameneýi Ahmedinejady köpçüligiň ýanynda goldasa-da, sahnalaryň aňyrsynda onuň beýle güýçli bolmagyny islänok. Onuň pozisiýasyny gowşatmaga synanyşýar” diýýär.

“Ahmedinejadyň bu duýduryşa görkezjek reaksiýasy onuň režimiň güýçleriniň içindäki deňagramlyga nähili baha berjegine bagly. Ol Hameneýi özünden başga syýasy güýçleriň hiç birisine bil baglap bilmez diýip pikir etse, bu duýduryşy äsgermez. Eger-de Hameneýiniň öz ýerine başga syýasy güýçleri, mysal üçin, doganlar Larijanylary getirip biljekdigine ynansa, onda gaty çeýe hereket eder” diýip, Alfoneh belleýär.
XS
SM
MD
LG