Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň öňünde möhüm synag bar


NATO guramasyna agza Türkiýe öňümizdäki günlerde iň möhüm synaglardan birini başdan geçirer. Bu Ankaranyň NATO agza bolan 60 yýlynyň dowamynda ätmeli boljak iň möhüm ädimlerinden biridir.

Gürrüňi edilýän tema Eýranyň ähtimal hüjüminden NATO guramasyna agza ýurtlary goramak boýunça Birleşen Ştatlar tarapyndan teklip edilýän raketadan goranyş sistemasynyň Türkiýede ýerleşdirilmegine rugsat edilip-edilmezligi barada barýar.

Synçylaryň aýtmagyna görä, Ankaranyň bu barada kabul etjek karary ýurduň daşary syýasaty boýunça ýüzüni Günbatara öwürýärmi ya Gündogara diýlen meselede gaty takyk ädim bolar.

Türkiýe bu proýektiň öz territoriýasynda gurulmagynyň Tähran bilen Ankaranyň arasynda ykjamlaşan gatnaşyklara ýaramaz täsir ýetirmeginden howatyrlanýar. Sebäbi “Adalat we Galkynyş partiýasy” häkimiýet başyna gelenden soň, Tähran Ankaranyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi.

Ankaranyň “problemasyz goňşuçylyk syýasaty” diýlen strategiýasynyň awtory we Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Eýranyň başgalara howp salýanlygyna özüniň ynanmaýanlygyny aýdýar.

Şu yýlyň başlarynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan Eýranyň garşysyna sanksiýalaryň dördünji tapgyrynyň girizilmegine-de Ankara garşy çykyp, Eýran bilen ýangyç çalşygy boýunça alternatiw ylalaşygy teklip edipdi.

Emma, muňa garamazdan, Türkiýäniň resmileri raketadan goranyş sistemasy baradaky pikirleri derhal ret etmekden saklanýarlar, sebäbi olar bu ädimiň NATO bilen Türkiýäniň 60 yýllyk gatnaşygyna ýaramaz täsir ýetirjekdigini aňýarlar.

Ikisinden biri

Türkiýäniň Orta Gündogar tehniki uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň professory Hüseýin Bilgi bu sistemanyň Türkiýe NATO-nyň agzalygyna wepalymy ýa-da Eýrana – bu ikisinden birini saýlamaga mejbur etmeginiň mümkindigini aýdýar.

“Türkiýe goraga mätäç, muny diňe ýurduň NATO agza bolup galmagy üpjün edip biler. Türkiýe bu programma üçin NATO-ny terk etmeli däl. Eger Türkiýe NATO bilen bilelikde hereket etmese, onda Ankara Günbatardan uzaklaşyp barýar diýlen pikir hasam güýçlener” diýip, Bilgi aýdýar.

Şeýle howsalaly döwürde Türkiýäniň kanun çykaryjylary Eýranyň gaharyny getirmän, bu sistemanyň Türkiýede ýerleşdirilmegine nädip rugsat edip bolar diýlen meselede bir çözgüt tapmaga synanyşýarlar.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly 31-nji oktiýabrda Hytaýda eden çykyşynda NATO tarapyndan juda zerur diýlip hasaplanýan howpsuzlyk çäresine Türkiýäniň asla garşy çykmajakdygyny aýtdy.

Emma Türkiýäniň baş diplomaty Ahmet Dawutogly sözüni dowam etdirip: “Ýerleşýän regionymyzda hiç bir ýurtdan, şol sanda Eýrandan, Siriýadan, Orsýetden ýa beýleki bir ýurtdan bize howp abanýandyr öýdemzok” diýdi.

“At agzamaly däl”

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň bir işgäri bolsa, Azatlyk Radiosyna adynyň agzalmazlyk şerti bilen beren beýanatynda, howpsuzlyk baradaky sebäbiň umumy bolmalydygyny, haýsydyr bir ýurduň adynyň takyk agzalmaly däldigini aýdyp, wagtyň geçmegi bilen ýagdaýyň üýtgemeginiň mümkindigini belledi.

Ol sözüni dowam etdirip: “Gurama agza islendik ýurda üçünji bir tarapdan abanýan howpa NATO agza ýurtlar bileleşip jogap bermeli. Onsoň haýsydyr bir ýurduň adyny agzamaga zerurlyk ýok” diýdi.

NATO-nyň 19-20-nji noýabrda Lissabonda geçiriljek sammitinden öň Tähran Türkiýäniň kellagyrysyny barha artdyrjak çykyşlary edip başlady.

Eýranyň iňlis dilinde çap edilýän “Tahran Times” gazeti Eýranyň “Yslam rewolýusiýasynyň sakçylar toparynyň” ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan birine salgylanyp çap eden habarynda “bu sistemanyň Eýrana garşy amala aşyrylýan plandygyny” ýazýar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ramin Mehmanparast hem ýakynda eden çykyşynda raketadan goranyş sistemasy baradaky NATO-nyň bu proýektiniň “gaty şübhelidigini” aýtdy.

Bu barada Ankara nähili pozisiýa eýelemeli diýlen meselede Türkiýede hem diskussiýalar dowam edýär. Harbylaryň bu proýekti goldaýanlygy, emma konserwatiw gatlagyň Türkiýäniň daşary syýasatynyň garaşsyzlygyna kölege salar diýip, bu proýkte gös-göni garşy çykýanlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG