Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýaponiýa Medwedewi indi Kuril adalaryna barmazlyga çagyrdy


Çarşenbe güni Ýaponiýanyň resmileri Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewi dawaly Kuril adalaryna gaýtadan sapar etmezlige çagyrdy.

Golaýda prezident Medwedew şol adalarda saparda boldy. Muňa jogap hökmünde Ýaponiýanyň hökümeti özüniň Moskwadaky ilçisini wagtlaýynça yzyna çagyrdy.

Ikinji jahan urşy tamamlanda bu dört adany sowet goşunlary basyp alypdy. Şol döwürden bäri bu adalaryň eýeçiligi boýunça iki ýurduň arasyndaky ylalaşmazlyklar dowam edýär.
XS
SM
MD
LG