Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň baş sekretary resmi sapar bilen Moskwa bardy


Çarşenbe güni NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen resmi gepleşikleri geçirmek üçin Moskwa bardy.

Bu gepleşikleriň dowamynda Owganystanda alnyp barylýan söweşe Orsýetiň gatnaşmak mümkinçiligi we Orsýetiň owgan hökümetini dikuçarlar bilen üpjün etmegi barada gürrüň ediler.

Şeýle-de raketa hüjümlerinden goranmak boýunça Orsýetiň we NATO-nyň hyzmatdaşlygy barada hem maslahat ediler.

Rasmussen 20-nji noýabrda Lissabonda geçiriljek NATO-nyň sammitine prezident Medwedewiň gatnaşmagynyň ähimiýeti barada şeýle diýdi: “Meniň pikirimçe, Lissabonda geçiriljek sammit Orsýet bilen NATO-nyň gatnaşyklarynda täze başlangyç bolar”.
XS
SM
MD
LG