Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň öňki premýeri Çernomyrdin aradan çykdy


Çarşenbe güni Orsýetiň öňki premýer-ministri Wiktor Çernomyrdin aradan çykdy.

72 ýaşyndaky Çernomyrdin üznüksiz dowam eden keseli sebäpli Moskwadaky öýünde ýogaldy.

Wiktor Çernomyrdin Boris Ýeltsiniň ýurda prezidentlik eden döwri, 1992-1998-nji ýyllarda Orsýetiň hökümet ýolbaşçysy boldy.

Sowet Soýuzy döwründe Çernomyrdin ýurduň tebigy gaz ministri wezipesini eýeledi, soňra ol “Gazprom” kompaniýasynyň ilkinji başlygy boldy.

2001-nji ýylda Çernomyrdin Orsýetiň Ukrainadaky ilçisi bolup işledi.

Geçen ýyl prezident Dmitriý Medwedew Çernomyrdini özüne GDA ýurtlary boýunça ykdysady maslahatçysy edip belläpdi.
XS
SM
MD
LG