Sepleriň elýeterliligi

Prezident Ahmedinejad “Orsýet Eýrany satdy” diýýär


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad “Eýrany Amerika satanlykda” Orsýeti aýyplady.

BMG-niň Eýrana garşy girizen sanksiýalary sebäpli Orsýet özüniň S-300 kysymly raketalaryny Eýrana satmakdan ýüz öwüripdi. Şonuň üçin Eýran Orsýete garşy şeýle aýyplama bildirdi.

Eýranyň prezidenti Ahmedinejad Orsýet bilen ylalaşygyň entek hem öz güýjünde galýandygyny aýdyp, eger-de Orsýet boýun alan borçlaryny ýerine ýetirmese, Eýran öz hukuklaryny gorar diýip, çykyş etdi.

Mundan ozal Orsýet Eýrandan alan pullaryny yzyna berjekdigini we hiç hili kompensasiýa tölemejekdigini yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG