Sepleriň elýeterliligi

Türkmen kikboksçylary halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler


Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Anapa şäherinde kikboks boýunça göwher kubok ugrundaky ýaryş geçirildi. Şol ýaryşa dünýäniň 20 töweregi ýurdundan 600 çemesi sportsmen gatnaşdy.

Ýaryşa Türkmenistandan 4 sportsmen gatnaşdy. Ussat kikboksçylar bu ýaryşda göwher çaýylan 1 bürünç we 2 kümüş medaly almagy başardylar diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Kümüş medalyň eýesi 51 kilogram agramda çykyş eden Hudaýguly Kömekow boldy. Bürünç medallaryň eýeleri 81 kilograma çenli agramda çykyş eden Allamyrat Annamyradow we 57 kilograma çenli agramda çykyş eden Babanyýaz Şiriýew boldy.
XS
SM
MD
LG