Sepleriň elýeterliligi

BMG Türkmenistany tussaglykdaky aktiwistleri azat etmäge çagyrýar


Çarşenbe güni Birleşen Milletler Guramasy tussaglykdaky türkmen aktiwistleri Annagurban Amangylyjowy we Sapardurdy Hajyýewi haýal etmän boşatmaga türkmen hökümetini çagyrdy.

Türkmenistanyň olary tussaglykda saklamagy halkara kanunlarynyň bozulmagy diýip, bu barda ýörite iş geçiren Birleşen Milletler Guramasynyň Geňeşçi topary hasap edýär.

Türkmen aktiwistleri Annagurban Amangylyjow we Sapardurdy Hajyýew bosgunlykda döredilen adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki fondunyň” agzasy.

Annagurban Amangylyjow we Sapardurdy Hajyýew Türkmenistan barada dokumental film taýýarlaýan fransuz žurnalistlerine ýardam berýän wagtlary, 2006-njy ýylda tussag edilipdiler.

Iki aktiwist “töhmet maglumatlary ýaýratmakda we halkyň arasynda agzalalyk döretmekde” aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ynamly çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, türme tussaglygyndaky Annagurban Amangylyjow we Sapardurdy Hajyýew gynamalara, mejbury ýagdaýda neşe serişdelerini ulanmaga, açlyga we suwsuzlyga sezewar edilýärler diýip, “Freedom Now” guramasy habar berýär.

Annagurban Amangylyjowy we Sapardurdy Hajyýewi tussaglykda saklamak bilen, Türkmenistan adam hukuklary boýunça ähliumumy Jarnamany, Graždan we syýasy hukuklar boýunça halkara Konwensiýany bozýar diýip, BMG-niň Geňeşçi topary belleýär.

Türkmen aktiwistleri Annagurban Amangylyjowyň we Sapardurdy Hajyýewiň sud diňlenişigi hem açyk we adalatly geçirilmedi diýip, BMG-niň iş topary hasap edýär.
XS
SM
MD
LG