Sepleriň elýeterliligi

Rus hem owgan prezidentleri neşä garşy göreş barada maslahatlaşdy


Orsýet owgan prezidentiniň neşe maddalaryna garşy göreş barada gürleşmek üçin rus kärdeşine jaň edendigini aýdýar.

Kreml Hamid Karzaý bilen Dmitriý Medwedewiň neşe maddalaryna garşy göreş babatda bilelikde alnyp barylýan tagallany geljekde has-da giňeltmek barada maslahat edendigini aýdýar.

Iki prezidentiň arasyndaky telefon maslahaty amerikan, owgan we rus gulluklarynyň Pakistan serehetine golaý bir ýerde geçiren neşe reýdinden bir hepde soň edildi.

Karzaý bu reýdden soň oňa Orsýetiň gatnaşygy barada özüne öňünden habar berilmändigini aýdyp, nägilelik bildiripdi.
XS
SM
MD
LG