Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG amerikan saýlawlaryny öwýär we tankytlaýar


ÝHHG-niň daşary ýurtly gözegçileri Birleşen Ştatlarda geçen Kongres saýlawlarynyň adalatly geçendigini, ýöne saýlaw kampaniýalaryny maliýeleşdirmegiň amerikan sistemasynda problemalaryň bardygyny aýtdylar.

ÝHHG-niň parlament assambleýasynyň agzalary Waşingtonda žurnalistlere ikinji gün geçen saýlawlaryň amerikan saýlawçylarynyň islegini beýan etmekde netijeli bolandygyny aýtdylar.

Ýöne, ÝHHG-nyň delegasiýasynyň prezidenti Joao Soares Assoşeýted prese saýlawlary häsiýetlendirip beren gürrüňinde onuň kähalatlarda dartgynly we hapa bolandygyny aýtdy.

Bu saýlawlaryň netijeleri Respublikanlaryň Wekiller öýüne kontrollugy demokratlardan yzyna almagyna getirdi.
XS
SM
MD
LG