Sepleriň elýeterliligi

Çehler, slowaklar owgan missiýasyny giňeldýär


Çeh parlamentiniň aşaky öýi ýurduň Owganystandaky harby missiýasyny giňeltmek boýunça jemleýji tassyknamany berdi. Bu tassyknama boýunça Owganystandaky çeh esgerleriniň sany 535-den 720-ä ýetiriler.

Owganystandaky çeh esgerleriniň sanyny köpeltmek meselesi parlamentiň ýokary öýi bolan Senatda geçen hepde tassyk edildi.

Şularalykda slowak hökümeti hem özleriniň Owganystandaky esgerleriniň sanyny köpeltmek kararyna geldi. Emma entek bu karar slowak parlamentinde tassyk edilenok.
XS
SM
MD
LG