Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan bilen Eýran hyzmatdaşlygy ösdürýär


Gürjüstan we Eýran iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagyna ýokary baha berdi.

Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki Gürjüstana iki günlük saparynyň başynda çykyp gürläp, iki ýurduň arasyndaky taryhy ýakyn gatnaşyklaryň dikeldilýändigini, şol sanda bu iki ýurduň arasyndaky wiza talabynyň hem ýatyrylýandygyny aýtdy.

Gürjüstanyň daşary işler ministri Grigol Waçadze Eýran bilen Gürjüstanyň arasyndaky gatnaşygyň ykdysady pudakda mazaly ilerländigini aýtdy.

Ol söwdanyň ösýändigini we Gürjüstana has kän eýranly syýahatçynyň gelýändigini belledi.

Mottaki şu gün Batumide Eýranyň konsullugyny açmaly.
XS
SM
MD
LG