Sepleriň elýeterliligi

Kalforniýa-Meksiko serhetinde 550 metrlik neşe ötügi tapyldy


Birleşen Ştatlar bilen Meksikonyň serhetinde günorta Kaliforniýa bilen Tijunany birikdirýän 550 metr uzynlakdaky neşe geçirilýän ötük tapyldy.

Resmiler bu ötük dörülende onuň içinden 20 tonnadan gowrak marihuananyň tapylandygyny, eger köçede satylsa bu neşäniň millionlap dollara durjagyny aýtdylar.

Aýdylmagyna görä, bu ötügiň iki tarapynda, iki ýurtda hem neşe saklanýan ammarlar bar eken.

Tijuana Kaliforniýa bikanun neşe getirmegiň esasy güzeri hasaplanýar.

Geçen aý meksikan polisiýasy bu şääherde 100 tonnadan gowrak marihuana tutdy.
XS
SM
MD
LG