Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Respublikanlar Wekiller öýüni eýeledi, Demokratlar Senaty saklaýar


Birleşen Ştatlarda Respublikanlar Wekiller öýüne kontrollugy yzyna alanlaryndan bir gün soň prezident Barak Obamanyň käbir uly syýasy inisitiwalaryny ýatyrjakdyklaryny aýtdylar.

Ikinji gün geçirilen orta möhlet saýlawlarynyň doly bolmadyk netijeleri Respublikanlaryň Demokratlardan Wekiller öýüne kontrollugy yzyna almak üçin azyndan 60 orun utandyklaryny görkezdi.

Şeýle-de netijeler Republikanlaryň Demokratlardan 100 agzaly Senatda hem azyndan 6 orun utandyklaryny görkezdi.

Prezident Obama özüniň Respublikanlar bilen işleşmekçidigini aýdyp, amerikan halkynyň ykdysady ösüşiň gowuşgunsyzlygyndan gaty lapykeç bolandygyny boýun aldy.
XS
SM
MD
LG