Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG A.Amangylyjow bilen S.Hajyýewiň boşadylmagyna çagyrýar


BMG Türkmenistanyň Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewi tussag etmek bilen Halkara kanunyny bozandygyny aýdyp, olaryň derhal boşadylmagyna çagyrdy.

«Indi Azatlyk we Hogan Lowels LLP» tarapyndan berlen petisiýa jogap edip, BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler baradaky iş topary öz pikirini giň jemgyýetçilige beýan etdi.

Ol pikire görä, Türkmenistanyň hökümeti Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewi tussag etmek we tussaglykda saklamak bilen halkara kanunyny bozýar.

Türkmenistan Helsinki fondunyň agzalary bolan Amangylyjow we Hajyýew 2006-njy ýylda tussag edildiler. Olar Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada daşary ýurt habar serişdelerine maglumat berýärdiler.
XS
SM
MD
LG