Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Il saglygy – ýurt baýlygy


Türkmenistanyň resmi maglumatlarda 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen milli “Saglyk” programmasynyň Türkmenistanyň taryhynda ýurduň saglygy saklaýyş boýunça täze syýasatynyň doglan güni hökmünde orun alandygy nygtalýar.

Şol bir wagtda-da synçylar garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda amala aşyrylan çäreleriň saglygy saklaýyş sistemasynyň gowşamagyna getirenligini, resmi satatistika bolmasa-da, ýurtda ölüm derejesiniň ýokarlanmagynyň we ilatyň ýaşynyň ortaça uzaklygynyň gysgalmagynyň muňa aýdyň mysaldygyny belleýärler.

BMG-niň Dünýä saglyk edarasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň ýaşynyň ortaça uzaklygy 60-67 ýyl aralygynda diýlip hasaplanylýar.

Asly Türkmenistandan bolan orsýetli lukman, medisina ylymlarynyň doktory Ýelena Silantýewa Türkmenistandan saglygyny bejermäge Orsýete barýanlaryň köpdügini gürrüň berdi.

Alym Türkmenistanda gurulýan we işleýän medisina merkezleriniň maliýe hem tehniki taýdan üpjünçiligine, keseliň sebäplerini anyklamak we bejermek üçin Türkmenistanda şu günki gün bar bolan maddy-tehniki mümkinçiliklere ýokary baha berdi.

Emma ol şu günki gün Türkmenistanda medisina hyzmatlarynyň hili boýunça bar bolan kynçylyklaryň sebäbini Ýelena Silantýewa kadrlar problemasynda görýär.

Türkmenistanyň saglyk merkezleriniň hyzmaty barada ilatyň arasynda nähili garaýyşlar bar? Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Husan Ataýew öz başdan geçirenlerini Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG