Sepleriň elýeterliligi

Amerika: garaşylan, ýöne jedelli çäre


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi banky

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi banky

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi banky ýurduň maliýe ýagdaýynyň gowulanmagyny çaltlandyrmak maksady bilen Maliýe ministrliginiň ýüzlerçe milliard dollarlyk obligasiýalaryny satyn aljakdygyny aýtdy.

Merkezi bankyň bildirmegine görä, ol öý-jaý we beýleki bergiler bilen baglanyşykly prosentleri aşaklatmak üçin geljek ýylyň ortasyna çenli ýene 600 milliard dollarlyk hökümetiň gymmatly kagyzlaryny satyn almakçy.

Bu çärelerden maksat halky we kompaniýalary arzan kreditler bilen üpjün edip, olary pul karz almaga we çykdajy etmäge höweslendirmek. Hökümet bu iş haýal ilerleýän ykdysadyýeti güýçlendirip, kompaniýalaryň täze işçileri işe almagyna ýol açar diýip, umyt edýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda işsizligiň derejesi häzir 10 prosente golaý. Merkezi bank şol sebäpden gysyş astynda. Onuň ýurduň soňky ykdysady durgunlykdan çykmagyny çaltlandyrar ýaly çäreleri görmegi talap edilýär.

Çarşenbe güni bu karary boýunça eden beýanatynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi banky öňegidişligiň haýal ýol alýandygyny aýtdy.

Amerikan ykdysadyýetiniň ösüş derejesi üstümizdäki ýylyň 3-nji kwartalynda 2-nji kwartaldakydan az-kem artyp, 2 prosente bardy. Ýöne, ykdysadyýetçileriň aýtmagyna görä, işsizlik derejesiniň aşaklamagy üçin onuň 3 prosent töweregi ösmegi gerek.

Maliýe bazarlary Merkezi bankyň bu göçümi etjekdigini öňünden aňýardylar. Şol sebäpden, düýn Dow Jones indeksi ýokarlady. Nebitiň bahasy-da galdy.

Kongres saýlawlarynda Respublikan partiýanyň ýeňiş gazanmagy hem maýa goýujylaryň umydyny artyrman durmady. Käbir adamlar bu partiýanyň biznese ýakynlyk edýänligine ynanýar. Ses berişlikde hem saýlawçylaryň ilkinji nobatda göz öňünde tutany haýal gymyldaýan ykdysadyýet bolupdy.

Öň hem bolupdy

Amerikanyň Merkezi banky gymmatly kagyzlary beýle köp möçberde ozal hem satyn alman duranokdy. 2009-njy ýylda maliýe krizisi özüniň iň ýokary derejesindekä, ol 1,7 trillion dollara barabar öý-jaý bilen baglanyşykly obligasiýa we döwlet bergilerini satyn aldy. Munuň hem ýurduň maliýe krizisinden çykmagyna kömegi degdi.

Ýöne ekspertler indi bu işiň zerur däldigini aýdyp: “Häzir ykdysadyýetiň diňe ösüşi haýal, ýöne ol çykgynsyz ýagdaýda däl” diýýärler.

Bu işi Merkezi bankyň içinde we daşynda tankytlaýanlar ony bir howply humara meňzedip: “Bu iş ýol alsa, onuň inflýasiýany ýokary derejä ýetirmegi mümkin. Ýol almasa-da, Merkezi bankyň abraýyna zyýan etjekdigi şübhesiz” diýýäler.

Käbirleriniň pikiriçe-de, ykdysady ýagdaýyň gowulanmagy haýal gitse-de, bazaryň özüni dürsemeginiň öňi bökdelmeli däl.

Täze syýasatyň halkara täsirleri-de bolar. Merkezi bankyň prosentleri aşaklatmagy netijesinde köpräk bähbide kowalaşýan maýa goýujylar maýasyny başga ýurtlara geçirer diýip garaşylýar.

Ýewropanyň Merkezi bankynyň, Angliýanyň bankynyň we Ýaponiýanyň bankynyň Birleşen Ştatlaryň bu göçümine näme reaksiýa görkezjekdigi entek belli däl. Olar bu barada şu hepde pikir alyşmakçy.
XS
SM
MD
LG