Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG Türkmenistanyň Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewi tussag etmek bilen Halkara kanunyny bozandygyny aýdyp, olaryň derhal boşadylmagyna çagyrdy.

“Freedom Now” we “Hogan Lovells LLP” tarapyndan berlen petisiýa jogap edip, BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler baradaky iş topary öz pikirini giň jemgyýetçilige beýan etdi.

Ol pikire görä, Türkmenistanyň hökümeti Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewi tussag etmek we tussaglykda saklamak bilen halkara kanunyny bozýar.

Türkmenistan Helsinki fondunyň agzalary bolan Amangylyjow we Hajyýew 2006-njy ýylda tussag edildiler. Olar Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada daşary ýurt habar serişdelerine maglumat berýärdiler.

BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler baradaky iş toparynyň pikirine görä, Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewiň tussag edilmegi Adam hukuklary boýunça ähliumumy Jarnamanyň 9, 10, 11, 19 we 20-nji maddalarynyň hem-de Graždan we syýasy hukuklar boýunça halkara Konwensiýanyň 9, 14, 19, we 22-nji maddalarynyň bozulmagy bolup durýar.

Bu beýanat bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir degişli petisiýany BMG-niň toparyna geçiren taraplaryň biri “Hogan Lovells LLP” guramasynyň wekili Kreýg Lewis bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: 2-nji noýabrda türkmenistanly aktiwistler Annagurban Amangylyjow we Sapardurdy Hajyýew bilen bagly wakada BMG-niň bikanun tussag etmeler boýunça iş alyp barýan toparynyň garaýşy barada beýanat ýaýratdyňyz. Şol maglumatda bu iki aktiwistiň tussaglykda saklanmagynyň halkara kanunlaryny depelemekdigi aýdylýar, bu pozisiýa kime degişli?

Kreýg Lewis: Bu biziň pozisiýamyz, emma BMG-niň agzalýan topary tarapyndan orta atylan pikirde hem aýdylyşy ýaly, Türkmenistan halkara konwensiýalaryna gol goýan ýurt, diýmek, Aşgabat şol jarnamalaryň şertlerini berjaý etmäge borçly.

Olaryň türme tussaglygynyň bikanundygy we bu ädimiň halkara jarnamalaryny äsgermezlikdigi baradaky pikir bize degişli bolup, biz BMG-niň degişli edarasyna ýüzlenenimizde, bu ädimiň adam hukuklary we syýasy hak-hukuklar baradaky Uniwersal şertnamalary bozmakdygyna ünsi çekdik.

BMG-niň bikanun tussag edişlikler baradaky iş toparynyň roly bolsa biziň öňe sürýän talaplarymyz barada derňew geçirmek we öňe sürlen şol pikirleriň kanunydygy ýa däldigi barada öz garaýşyňy beýan etmekden ybaratdy. Olaryň eden işi şundan ybarat.

Iş topary öz ygtyýarlyklarynyň çäginde, biziň öňe sürýän bu pikirlerimiz barada Türkmenistanyň hökümetine öz garaýşyny beýän etmäge mümkinçilik berdi, emma Aşgabat reaksiýa bildirmekden saklandy.

Azatlyk Radiosy: Onda siziň aktiwistleriň tussaglykda saklanmagynyň bikanundygy barada orta atan şol aýyplamaňyz ýa-da pikiriňiz bilen BMG-niň arasyndaky baglanyşyk nämede?

Kreýg Lewis: Bu BMG-ä degişli iş topary we ol bikanun tussag edişlikler baradaky ýagdaýlara gözegçilik etmek boýunça iş alyp barýar. Bu toparyň döredilmeginiň maksady şol, bu netijä gelen BMG-niň agzalýan bölümi.

Azatlyk Radiosy: Onda gelnen bu netije kanuny taýdan nämäni aňladýar?

Kreýg Lewis: Bu netijäniň agzalýan aktiwistleri tussaglykda saklamak baradaky kararynyň ýurduň boýun alan jarnamalaryna garşy gelýänligine göz ýetirmegi nukdaýnazaryndan Aşgabat üçin bir yşarat hökmünde hyzmat eder we şol adamlar azat ediler diýlen tamamyz bar. Gelnen bu netijäniň kanuny häsiýeti barada gürrüň etsek, bu iş topary haýsydyr bir adamyň tussaglykda saklanmagynyň kanunydygy ýa däldigi hakda derňew geçirmek we bu ugurda anyk netijä gelmekden ybarat.

Şol topar biziň müşderilerimiziň türmede saklanmagynyň bikanundygy hakda biz tarapyndan öňe sürlen pikirleri derňedi we gelnen netije biziň garaýşymyzyň dogrudygyny tassyklady.

Azatlyk Radiosy: Bu netijäniň ýa beýanatyň haýsydyr bir kanuny borçlandyryjy häsiýeti barmy?


Kreýg Lewis: Halkara kanunlaryň käbir böleklerinde haýsydyr bir gurama tarapyndan kabul edilen kararyň kanuny borçlandyryjy häsiýetiniň bardygy ýa-da ýokdugy, şeýle-de ony durmuşa geçirip boljakdygy ýa-da bolmajakdygy tapawutly. Emma beýleki tarapdan, hasabatyň netijesinde hem aýdylyşy ýaly, BMG-niň agzalýan şol iş toparynyň belli bir mesele hakda gelnen netijäniň berjaý edilmegine çagyryş etmäge hem ygtyýary bar.

Eger üns beren bolsaňyz, BMG-niň bikanun tussag edişlikler boýunça iş topary tarapyndan agzalýan aktiwistler barada ýaýradylan raportyň 14-nji maddasynda Türkmenistan şol aktiwistleri azat etmäge we olara ýeten zyýanyň öwezini dolmaga çagyrylýar.

Netijede bu raport diňe şol aktiwistleriň tussaglykda saklanmagynyň bikanundygyny aýan etmek bilen çäklenmän, olar azat edilmeli diýip, buýruk berýär.

Azatlyk Radiosy: Eger Türkmenistan bu talaba üns bermese, mundan beýläk nähili ädim ätmegi planlaşdyrýarsyňyz?

Kreýg Lewis: Elbetde, BMG-niň polisiýa güýçleriniň şol ýurda baryp, gelnen bu netijäni durmuşa geçirmäge Türkmenistany mejbur eder diýip, garaşyp bolmaz. Emma siwilizlenen halklardan öz boýun alan borçlaryny berjaý eder diýlip garaşylýar. Agzalýan iş toparynyň netijesi göz öňünde tutulsa, iň bärkisi şu iki aktiwisti ýatlasak-da, bu Türkmenistanyň öz kanuny we boýun alan borçlaryny berjaý etmänligini görkezýär.

Ýaýradylan bu hasabat esasanam Türkmenistanyň şol aktiwistleriň tussaglykda saklanmagynyň kanunydygy baradaky garaýşynyň dogry däldigini subut edýär.

Biz bu hasabatdan soň Türkmenistanyň şol aktiwistleri tussaglykda saklamagyna hiç hili kanuny esasyň galmanlygy üçin, BMG-niň iş topary tarapyndan öňe sürlen netijä laýyklykda, şol bendileriň azat edilmegine garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG