Sepleriň elýeterliligi

Hodorkowskiý: öz ynanjym üçin ölmäge taýýar!


“Ýukos” kärhanasynyň tussaglykdaky öňki başlygy Mihail Hodorkowskiý ahyrky sudda Orsýetiň geljegi bilen bagly prowokatiw çykyş etdi.


Nebit läheňi Mihail Hodorkowskiý 2-nji noýabrdaky sudda eden çykyşynda Orsýetiň geljeginiň özi barada suduň çykarjak hökümine baglydygyny aýtdy. Sud 15-nji dekabrda Mihail Hodorkowskiý barada ahyrky hökümini yglan etmezinden öň eden soňky çykyşynda Hodorkowskiý özüniň günälidigi subut edilse, türmede ölmäge taýýardygyny aýtdy.

“Men idealist däl. Ýöne meniň ideallarym bar. Edil başgalar ýaly, maňa-da tussaglykda oturmak agyr düşýär we meniň bu ýerde ölesim gelenok. Ýöne, eger mejbur bolsam – men asla ýaýdanyp durmaryn. Meniň ynanýan zatlarym üçin ölmek bolar. Meniň pikirimçe, men muny eýýäm subut etdim”diýip, Hodorkowskiý aýtdy.

47 ýaşyndaky Mihail Hodorkowskiý 2003-nji ýylda salgyt tölemekden ýüz öwürmekde aýyplanyp, tussag edilipdi. Ol tussaglykdan ozal Orsýetiň iň baý adamy hasaplanýardy we “Ýukos” nebit şirketiniň başlygydy. Ol öňki prezident Wladimir Putin bilen syýasy dawasy üçin tussag edildi we sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýlip, hasap edilýär.

Hodorkowskiý ruhdan düşenok

Mihail Hodorkowskiý türme tussaglygynyň tamamlanmagyna bir ýyl galanda, hapa pul ýuwmak we döwletiň emlägini öz haýryna ulanmak aýyplamasy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Onuň ýene-de alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin. Mihail Hodorkowskiniň biznes partnýory Lebedewe hem şeýle aýyplamalar ýöňkelýär.

Hodorkowskiý suduň jaýyna onlarça kameralaryň öňünde ýylgyryp we baş atyp girdi. Ol özüne bildirilýän häzirki aýypalamaryň syýasy äheňlidigini, özüne ozal berlen türme tussaglygynyň möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli goşmaça möhlet bermek isleýändiklerini öňe sürdi.

“Men 2003-nji ýylyň oktýabryny ýatlamakçy. Ol meniň azat adam hökmündäki soňky günümdi. Meniň tussag edilmegimden birnäçe gün ýa-da hepde soňra maňa aýtmaklaryna görä, prezident Putin meniň sekiz ýyllap “türme bulamagyny” iýjekdigimi aýdypdyr. Şol wagt muňa ynanmak maňa örän agyr düşdi. Häzir şol wagtdan bäri eýýäm ýedi ýyl geçdi. Bu uly möhlet. Esasanam türmede oturýan üçin” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Mihail Hodorkowskiý prokurorlary açyk masgaralady. Ol eden beýannamasynda özüne ýöňkelýän aýyplamalaryň gülkünçdigini aýtmazdan ozal “sen ynsap bilen ogurlamalydyň” diýlen sözüň gelşiksizdigini belledi.

“Keselli ýurt”

Mihail Hodorkowskiý ahyrky sudda
Birinji sud bilen deňeşdirilende bu sapar käbir resmiler, şol sanda öňki ministr German Gref hem Hodorkowskiniň tarapyny tutdular. Ýöne hökümet tarapyndan sud sistemasyna berk kontrollyk edilýändigi üçin Hodorkowskiniň aklanmagyna hiç kim, şol sanda onuň özi hem garaşmaýar.

“Bu bir keselli ýurt. Orsýetde býurokrat güýç ulanyjy edaralarda işleýänler onlarça, hatda ýüzlerçe müň zehinli işewür adamlary, ýolbaşçylary we adaty raýatlary türmede saklaýarlar” diýip, Mihail Hodorkowskiý aýtdy.

“Olar geljekde Orsýetiň azat we hukuk döwleti boljakdygyna, hukugyň býurokrat resmilerinden üstün çykjakdygyna umyt edýärler. Şol döwürde oppozision partiýalary goldaýandygyň üçin repressiýalar bolmaz. Şol döwürde ýörite güýçler raýatlaryň we hukugyň goragynda bolarlar. Şol wagt raýatlaryň hukuklary ýurduň patyşasynyň, ýagşynyň ýa-da ýamanyň islegine bagly bolmaz. Şol döwürde güýç hakykatdan hem raýatlara, suda, diňe kanunçylyga we Hudaýa bagly bolar. Eger-de isleseňiz, muny wyždan diýip atlandyryň. Men ynanýaryn: bu edil şeýle bolmaly” diýip, Hodorkowskiý sözüniň üstüni ýetirdi.

Köpçülik ne hökümete ynanýar, ne-de Hodorkowskä

Ýöne Orsýetde köpler Hodorkowskä 1990-njy ýyllarda azan oligarh hökmünde garamagyny dowam edýärler we onuň soňky çykyşynyň täsiriniň az boljakdygyny aýdýarlar. Sebäbi diňe az sanly adam ony eşidip biler. Orsýetiň habar gulluklary Hodorkowskiniň bu çykyşyny äsgermezlik edip, köpçülige ýetirmediler.

Hodorkowskiniň sudda eden bu çykyşyny diňe Azatlyk Radiosynyň Ors gullugy göni ýazgy etdi we efire berdi. Hodorkowskiý öz çykyşynyň soňunda adalatly höküm çykarmagy üçin sudy batyrgaýlyga çagyrdy.

“Siziň häzir çykarjak hökümiňiziň Orsýetiň taryhynyň bir bölegi boljakdygyna her kim düşünýär. Mundan başga-da, ol Orsýetiň geljekki nesilleri üçin ýol çelgisi bolar. Edil Sowet döwrüniň sudlarynda bolşy ýaly, ähli prokurorlaryň we sudlaryň atlary taryhda galar” diýip, Hodorkowskiý aýtdy.

Emma, prokuror Waleriý Lahtin bolsa: “Mihail Hodorkowskiniň bu çykyşynda aýdan zatlarynyňň ählisi ýalan” diýdi.

Hodorkowskä ýöňkelýän aýyplamalar boýunça suduň hökümi 15-nji dekabrda yglan ediler.
XS
SM
MD
LG