Sepleriň elýeterliligi

Eýran "Britaniýa degişli" terroristleri tussag edendigini aýdýar


Eýranyň resmileriniň aýtmagyna görä, olar Britaniýada ýerleşýän kürt toparlaryndan maliýe goldawyny alan dört sany terroristi tussag edipdirler.

Eýranyň metbugatynda bu adamlaryň Mariwan şäherinde tussag edilendigi aýdylýar. Olar soňky iki ýylyň dowamynda 5 adamy öldürmekde aýyplanýarlar.

Eýranyň häkimiýetleri tussag edilen bu adamlaryň kürtleriň Komala söweşiji toparyna degişlidigini we olaryň Britaniýadaky ýolbaşçylaryndan pul alandyklaryny öňe sürýär.

Britaniýanyň hökümeti şeýle aýyplamalary ret etdi.
XS
SM
MD
LG