Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Federasiýasy Ýaponiýanyň çagyryşyny kabul etmedi


Dawaly Kuril adalaryna gaýtadan sapar etmezlik barada Ýaponiýanyň çagyryşyny Orsýet kabul etmedi.

Duşenbe güni prezident Dmitriý Medwedew bu dawaly adalara sapar edenden soň Ýaponiýa şeýle çagyryşy edipdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow düýnki eden çykyşynda Orsýetiň prezidenti barjak ýerleri barada “hiç kimiň maslahatyna mätäç däl” diýdi.

“Eger-de Russiýa Federasiýasynyň prezidentiniň, meniň, we Orsýetiň hökümetiniň başga agzalarynyň eden düşündirişleri anyk däl bolsa, men olary täzeden okamagy maslahat berýärin. Ol ýerde ähli zat anyk aýdyldy. Bu adalar biziňki. Orsýetiň prezidenti ýurduň haýsy etrabyna gitmelidigi barada hiç kimden maslahat soramaz” diýip, Lawrow aýtdy.

Ikinji jahan urşy tamamlanda bu dört adany sowet goşunlary basyp alypdy. Şol döwürden bäri bu adalaryň eýeçiligi boýunça ylalaşmazlyklar dowam edýär.
XS
SM
MD
LG